Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä futbolyna türkmençe tomaşa


Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionaty sportuň bu görnüşi bilen asla gyzyklanmaýan adamy-da biparh goýmaýar.


Türkmenler, umuman, futboly söýýän halk. Olar professional derejede geçirilýän ähli futbol ýaryşlaryna mawy ekranyň üsti bilen höwes bilen tomaşa edýärler.

Tehnikanyň ösmegi bilen, jahandaky ähli bolup geçýän wakalardan çetde galmaýan türkmenistanlylar futbol boýunça dünýä çempionatyna hem sypdyrman tomaşa etmegä doly mümkinçilik tapýarlar.

Umuman alanyňda, futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa edýän janköýerleri Türkmenistanda üç derejä bölmek bolýar.

Olaryň birinjisi, diňe futbol bilen ýaşaýan janköýerlerdir. Bu janköýerler futbol üçin islendik çykdajylary etmäge, gijelerini telewizoryň ekranynyň öňünde ukusyny ýitirmäge doly taýýar adamlardyr.

Ikinji derejedäkiler liberal janköýerlerdir. Olar futbolyň ölemen janköýerleri, ýöne gerek ýerinde, öz bähbidi üçin birki sany oýny sypdyryp hem bilýärler. Futbolyň düzgünlerine gaty gowy düşunýän-de bolsalar, öz aladalary sebäpli, futbola tomaşa etmeklikde juda aktiwlik görkezip hem duranoklar.

Üçünji derejedäkiler passiw tomaşaçylardyr. Bular futbolyň düzgünlerine doly düşünmeseler-de, daş-töwerekdäki futbol şowhunyna goşulýanlardyr. Olar telewizorda gabat gelse, futbola tomaşa hem edäýýärler, gabat gelmese-de, görjegem bolup duranoklar. Umuman, bu derejedäki tomaşaçylar üçin futbol ýaryşynyň telewizordaky berilýän göni efirdäki goýberilişi bilen ýazgydaky goýberilişiniň hem tapawudy ýok.

«Ýüz fontanda» ýüz meseläni çözüp bolýar

Futbol boýunça dünýä çempionaty türkmen telekanallary arkaly tomaşaçylara hödürlenilmeýär. Emma ýurtda çanak antennalarynyň her bir öýde bolmaklygy bu meselede känbir bir kynçylygy döredenok.

Elbetde, öýünde çanak antennasy bolan her bir kişi futbol boýunça dünýä çempionatyna göni efirde arkaýyn tomaşa edip bilýär diýmek bolmaz. Sebäbi dünýä çempionatyny telewideniýe arkaly görkezýän telekanallar bu tomaşany tölegli edýärler. Dünýä çempionatynyň oýunlary görkezilen çagy adaty görlüp ýörlen telekanallar ýapylýar. Munuň üçin bolsa, telekanala ýörite abonent tölegini tölemeklik hökman. Eger telekanalyň abonenti bolmasaň, onda dünýä çempionatynyň oýunlaryna tomaşa etmek asla mümkin däl.

Aşgabadyň «Ýüz fontan» diýlip atlandyrylýan bazarynda tehnikalaryň islendik görnüşleri satylýar. Tehnikalardan başga-da, bu ýerde daşary ýurtlaryň pully telekanallaryna garakçylyk ýoly arkaly tomaşa etmeklik hyzmatlary hem ýola goýlan.

Gurplurak adamlar «Ýüz fontan» bazarynda özleri üçin tehnologiýanyň soňky gazananlary netijesinde çykan týunerleri (receiver) satyn alýarlar. Ol týunerler Orsýediň belli telekanaly bolan NTW+ telekanalyny garakçylyk ýoly arkaly görmäge şert döredýär. Hytaýda öndürilýän bu receiverler ýörite serwereden goýberilýän signallar arkaly NTW+ telekanalynyň gizlin kodlaryny döwmäge ukyply. Bu týunerleriň bahasy ortaça 130 amerikan dollarydyr. Ýöne ony sazlamak üçin çykdajylary goşanyňda, umumy baha 160 dollara baryberýär. Elbetde, bu receiverler türkmenistanlylaryň her biri üçin elýeterli däl.

Göni efirde futbola tomaşa etmek islegi

Futbola göni efirde tomaşa etmek iň bir lezzetli duýgudyr. Şonuň üçin türkmenistanlylaryň köpüsi çanak antennalaryny “Abs-1 75” gradusa öwrüp, täjik doganlaryna umyt baglaýarlar. Bu hemranyň üsti bilen türkmen janköýerleri Täjigistanyň birinji hem-de «Safina» atly telekanallary arkaly dünýä çempionatyna tomaşa edýärler. Täjigistanyň bu telekanallary Orsýediň ORT hem-de Rossiýa telekanallarynda görkezilýän futbol ýaryşlaryny göni efirde alyp görkezýärler.

Ýöne täjikleriň telekanallarynyň futbol ýaryşlaryny görkezmeginde türkmen janköýerleri üçin bir kemçilik bar, ol hem telekanalyň resmi habarlar gepleşigi bolanda, futbol ýaryşynyň ýarpy bilinden kesilip goýberilmegidir. Mundan başga-da täjikleriň kanallary dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny-da görkeziberenok.

Maşgala býujeti çäkli bolan türkmenistanlylar täjik doganlarynyň bu hereketlerine mejbury ýagdaýda boýun bolmaly bolýarlar. Ýöne kanagaty ýetmedikler çanak antennalaryny başga graduslara öwürýärler. Göni efirde dünýä çempionatyny görmek isleýän janköýerler özleriniň düýbünden düşünmeýän dillerinde hem futbola tomaşa etmekden gaça durmaýarlar.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG