Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly studentleriň gözleri ýolda


Şu gün Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi ýurduň günorta regionlarynda indi bäş gün bäri dowam edip gelýän çaknyşyklarda azyndan 170 adamyň ölüp, 1700-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Serhediň özbek tarapy (Reuters)
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00
Soňky maglumatlara görä, ýerli jenaýatçy toparlaryň hüjümlerinden gaçyp gutulmak üçin serhet ýakalarynda ýaşaýan etnik özbekleriň on müňlerçesi serhetden aşyp, Özbegistanyň territoriýasyna geçdiler.

BMG-niň Gyrgyzystandaky ýörite wekili Miroslaw Ýença özbek häkimiýetleriniň maglumatlaryna salgylanmak bilen, häzirki wagt Gyrgyzystandan Özbegistanyň territoriýasyna gaçyp geçen bosgunlaryň sanynyň 75 müň töwerekdigini we ýakyn wagtlarda olaryň sanynyň 100 müňe ýeter diýlip garaşylýandygyny aýtdy.

Düýn Halkara Gyzyl Haç komiteti Gyrgyzystanyň günortasyndaky gumanitar ýagdaýyň örän ýitileşýändiginden alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Türkmenistanly studentleriň müňlerçesiniň okaýan ýeri bolan Gyrgyzstandaky häzirki şertlerde ol ýerdeki Türkmenistanyň raýatlarynyn howpsuzlygy barada nähili alada edilýändigi barada Türkmenistanyň habar serişdeleri we resmi edaralary dymmaklaryny dowam etdirýärler.

Ýekşenbe güni Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň Oşdaky wekili Bakyt Usupow Oş şäherinde okaýan türkmenistanly studentleri alyp gaýtmak üçin Türkmenistandan Oşa ýörite uçarlary ýollandygyny tassyklady.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy hem aeroportyň resmileriniň sözlerine salgylanmak bilen, düýn daňdanlar iki sany uçaryň Gyrgyzystandaky studentleriň bir bölegini Türkmenabada alyp gelendiklerini habar berdi. Emma näçe studentiň Türkmenistana getirilendigi we ýene näçesiniň getiriljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat almak başartmady.

Oşdaky studentler

Oş şäheriniň aeroportunda, 14-nji iýun
Azatlyk Radiosy şu gün Oş şäheriniň aeroportunda uçarlara garaşyp oturan beýleki türkmenstanly studentlerden käbirleri bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan studentlerden biri türkmenistanly studentlerden 300-den gowragynyň düýn we öňňün jemi üç sany uçarda Oşdan alnyp gidilendigini tassyklady, galan studentleriň haçan alnyp gidiljekdiginiň heniz anyk däldigini aýtdy.

Türkmenistanly studentleriň aýtmaklaryna görä, häzirki wagt käbir adaty ýolagçylar we aeroportyň işgärleri bilen birlikde türkmenistanly studentleriň 450-ä golaýy aeroportyň binasynda galmaklaryny dowam etdirýärler.

Studentler Türkmenistandan ýörite ugradylan azyk kömekleriniň hem bir böleginiň özlerine gelip gowşandygyny, ýöne azyklaryň örän ýetmezçilik edýändigini aýtdylar.

Türkmenistanly studentler aeroportyň töwereklerinde henizem aram-aram ok sesleriniň eşidilýändigini we düýn giçlik bolsa bulagaýçylaryň bir toparynyň aeroportyň golaýyndaky bir mekdebi partladandygyny aýtdylar.

Studentler Oşdan Bişkege gitmek mümkinçlikleriniň häzirlikçe ýokdugyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň DIM-i häzire çenli 300-e golaý türkmenistanly studentiň Türkmenistana iberilendigini we galan studentleriň gysga wagtyň içinde Türkmenistana iberilmegi boýunça resmileriň alada edýändigini Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýtdy.

Düýn Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň wekilleri Gyrgyzystandaky wakalar barada Moskwada gyssagly maslahat geçirip, ýakyn günlerde bu ýurtdaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmak ugrunda zerur çereleriň görüljekdigi barada beýanat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG