Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: "Adamlar serhediň bardygyny indi görýärler"


Etiniki özbekler gyrgyz-özbek serhediniň ýanynda Özbegistana geçmek üçin ýalbarýarlar, 15-nji iýun.
Etiniki özbekler gyrgyz-özbek serhediniň ýanynda Özbegistana geçmek üçin ýalbarýarlar, 15-nji iýun.

Günorta Gyrgyzystanda özbekler bilen gyrgyzlaryň arasyndaky häzirki konfliktiň esasy sebäpleri barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer bilen söhbetdeşlik.

Azat Ýewropa we Azatylyk Radiosy: Sowet döwründe regionda çekilen serhetleriň öz täsirini şu güne çenli ýitirmän gelmegine näme sebäp bolýar?

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer
Brýus Panniýer:
Hazirki ýagdaýda kynçylyga goşant goşýan iň uly problema şu bolsa gerek. Sebäbi, adatça, orta aziýalylar özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bölünipdi.

Ýöne wagtyň geçmegi bilen bu az-kem üýtgäp, iki hanlyk bilen bir emirlik dürli milletleriň wekillerini öz içine aldy. Onsoň ‘men gyrgyz, sen özbek, täjik ýa gazak’ diýen bolmady.

Sowetler gelip, 1917-nji we 1930-njy ýyllarda bölünişigiň täzeçe görnüşini ornaşdyransoň, bu zatlar öz ähmiýetini ýitirdi. Sowetleriň maksady adamlaryň uly köpçüligini, mysal üçin, bir million ýa şolar ýaly ululyklara bölüp, bir administratiw merkeze tabyn etmekdi.

Ýöne Sowet Soýuzy çökensoň, syýasy kartanyň ýüzündäki bu araçäkler öňküligini ýitirdi. Adamlar Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda serhet bardygyny indi görýärler. 1991-nji we 1992-njy ýyldan ozal bu serhetleriň oýnaýan duýarlykly roly ýokdy.

Azat Ýewropa we Azatylyk Radiosy: Günorta Gyrgyzystanda demografik ýagdaý nähili? Ykdysady ýagdaýdan haýsydyr bir etniki topar artyk peýdalanýar diýen düşünje barmy?

Brýus Panniýer: Sowet döwründe Orta Aziýadaky halklar özara gowy düşünişýärdiler. Meniň garaýşymça, olaryň bir umumy duşmany bardy. Näme nägilelik bolsa, sebäpkär Orsýetdi. ‘Biziň hemmämiz orta aziýaly. Moskwa bizden peýdalanýar’ diýlerdi. Adamlaryň arasynda agzybirlik bardy. Ýaşy uluraklar, mysal üçin, Sowet Soýuzy darganda 40 ýaş töwereginde bolan adamlar häzirem özara oňuşýarlar. Ýöne ýaşlaryň, ýagny ýaşy 30-dan aşakdakylaryň ‘ol gyrgyz’ ýa ‘özbek’ ýa ‘türkmen’ diýip, öz milletini ykrar etmek ähtimaly ýokary. Ýaňky aýdyşym ýaly, olar serhetleri ykrar edýärler. Şeýlelikde etniki toparlaryň ara tapawudy güýçli duýulýar.

Azat Ýewropa we Azatylyk Radiosy: Gyrgyzystan daşary ýurtlardan kömek sorady. Bu çakylyga haýsy ýurtlaryň seslenmegi mümkin?


Brýus Panniýer: Ara goşulsa, Orsýet goşular. Munuň hem GDA-nyň Kollektiw howpsuzlyk guramasynyň adyndan edilmegi mümkin. Orslar muny ýekelikde etmezler. Munuň goňşy ýurtlar Täjigistan, Özbegistan we Gazagystan tarapyndan oňlanan halatynda edilmegi mümkin.

Ýöne kim hem gitse, 1990-njy ýylda alnan sapaklara seretmeli bolar, özi-de häzirki wagtda. Regiona esger ibermek üçin ençeme hepde ýa ençeme aý wagt gerek bolar. Galyberse-de, Bişkekdäki hökümet bir gowşak hökümet. Onuň şu ýylyň soňuna çenli-de aýak üstünde galjakdygy belli däl. Tertip-düzgüni ornatmaga gitmek gowy zat. Ýöne senden bu haýyşy eden hökümet dargasa, sen esgerleriň bilen ol ýerde galarsyň. Täze hökümetiň hem saňa duşman güýç diýip garamagy mümkin. Ine, ýagdaýyň çylşyrymlylygy şundan gelip çykýar.

Azat Ýewropa we Azatylyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň Manasda howa bazasy bar. Şol sebäpli olaryň bu meseläni çözmäge gatnaşmagy mümkinmi?


Brýus Panniýer: Meniň pikirimçe, Birleşen Ştatlar öňki iki rewolýusiýada özleriniň ‘entek bir göreli’ diýen ýörelgä eýerýändiklerini görkezdiler. Olar bu wagtlaýyn hökümetiň tarapyny çalanoklar. 2005-njy ýylda Bakyýew häkimiýet başyna gelende, onuňam tarapyny çalmandylar. Olara geregi – Owganystana ýük daşamak üçin zerur bolan Manas howa bazasy. Belli bir tarapyň arkasyny tutsalar, onda olaryň şol mümkinçilikden kesilmekleri ahmal.
XS
SM
MD
LG