Owgan resmileri täze barlaglaryň netijeleriniň daşary ýurt maýa goýumlaryny getirmegine hem-de ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine umyt baglaýarlar.
ABŞ-nyň resmileri Owganystanda çak bilen 1 trillion dollarlyk demir, mis, altyn, gymmat baha daşlaryň, şeýle-de senagatda ulanylýan litiý ýaly şu çaka çenli ulanylmadyk metallaryň bardygyny aýdýarlar.
Tebigy serişdeler özleşdirilse ýurduň ykdysadyýetiniň çürt-kesik özgerip, şu çaka çenli esasy girdeýji çeşmesi bolan bikanun göknar önümçiliginiň derejesiniň peseljegini amerikan we owgan resmileri öňe sürýärler.
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Owganystanyň Magdan we senagat ministrliginiň metbugat wekili Omar Hawad bu pudagyň ösüşine uly umyt baglanýanlygyny aýtdy.
“Täze tehniki barlaglar Owganystanyň has köp tebigy baýlyklarynyň bardygyny görkezdi. Şol serişdeleriň ulanylmagy Owganystanyň ykdysadyýetine we owgan halkyna şübhesiz peýda berer” diýip, Omar Hawad aýtdy.
Bikanun neşe söwdasyndan has girdeýjili
ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilleriniň sözlerine görä, Owganystanyň 1 trillion dollarlyk tebigy baýlyklarynyň özleşdirilmeginiň ykdysady bähbidi Owganystanda bikanun öndürilip, dünýä ýaýradylýan neşe maddalarynyň ýyllyk söwda dolanşygyndan 300 esse ýokary.
17-nji iýunda Kabulda geçiriljek metbugat konferensiýasynda Owganystanyň magdan we senagat minsitri Wahidullah Şahraniniň geologiýa barlaglary barada jikme-jik maglumatlary bermegine garaşylýar.
Owgan resmileri ýeterlik derejede daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýatyrylmagy bilen geljekde ýurduň dünýäniň dag-magdanlar senagatynyň möhüm merkezine öwrüljekdigini umyt edýärler.
“New York Times” gazeti öz maglumatynda Pentagona salgylanyp Owganystanyň litiý baýlygynyň möçberini nebite baý Saud Arabystanyň baýlygyna deňeýär. Litiý noutbuk kompýuterleri üçin batereýalaryň önümçiliginde hem esasy serişde bolup durýar.
ABŞ-nyň Merkezi harby edarasynyň başlygy general Deýwid Petreusyň “New York Times” gazetine aýtmagyna görä, soňky barlaglar Owganystanyň mineral senagatynyň ösüşi üçin “ägirt uly mümkinçilikleriň” bardygyny görkezýär.
Emma Petreus Owganystanyň tebigy serişdeleriniň ähmiýetini nygtan hem bolsa, olaryň mukdarynyň köpdügini aýtmakdan saklandy.
Kynçylyklar we päsgelçilikler
Owganystanyň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan howpsuzlyk problemalary hasaba alynmanda-da, ýurduň tebigy serişdelerini özleşdirmek we peýdalanmak üçin infrastrukturanyň döredilmeginiň köp wagt talap etmegi kynçylyklaryň biri bolup durýar.
Hususan-da tebigy serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak we olary halkara bazarlara ýetirmek üçin gara ýollar we demir ýollary gurulmaly.
Şeýle hem bu işler uly mukdarda elektrik toguny sarp etjekdigi üçin goşmaça elektrostansiýalaryň gurulmagyny talap eder.
Ýurduň Helmend welaýatynda ýerleşýän Kajaki bendindäki generatorlary dikeltmek üçin zerur bolan howpsuzlyk ýagdaýyny durnuklaşdyrmak boýunça halkara goşunlarynyň geçen 8 ýylyň dowamynda eden tagallalarynyň şowsuzlygy Owganystanyň dartgynly günorta böleginde dag-magdançylygyny ösdürmek boýunça planlary şübhe astynda goýýar.
Emma ýurduň magdan we senagat ministriniň metbugat wekili Omar Hawad ýurduň tebigy serişdeleriniň mukdarynyň ägirt uludygyny aýdyp, ýeterlik maýa goýumlary goýlan ýagdaýynda owgan halky üçin köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçiligiň boljakdygyny öňe sürdi.
Owganystanyň tebigy serişdeleriniň anyklanmagy birnäçe problemalary hem döredip biler. Talyp hereketi tebigy serişdelere baý regionlara gözegçilik etmegiň üstünde has güýçli söweş alyp barýar.
Tebigy serişdeleriň özleşdirilmegi ýurtda korrupsiýanyň güýçlenmegine hem getirip biler. Üstesine hökümede degişli bolmadyk guramalar daş-töwerege zyýan ýetirilmejegine we arzan işçi güýjüni ulanmak ýaly sosial problemalaryň ýüze çykmajagyna güwä geçilmegini talap edýärler.