Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikaly ýolbaşçy Türkmenistanda edilmeli iş kän diýýär


Robert Bleýk
ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Türkmenistanda adam hukuklary boýunça käbir oňyn ösüşleriň bolanlygyny, emma bu ugurda henizem edilmeli işleriň köpdügini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda türkmen ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeli geçenligini aýtdy.

Türkmen hökümeti bilen özara ýyllyk konsultasiýa gatnaşmak üçin Aşgabada baran Robert Bleýk türkmen resmileri bilen howpsuzlyk, energiýa we ykdysady ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak hem-de adam hukuklary barada pikir alyşanlygyny aýtdy.

Bleýk Türkmenistanda adam hukuklary babatda käbir oňyn ösüşleriň bolanlygyny ABŞ-nyň ykrar edýändigini, emma bu ugurda Türkmenistanda edilmeli işleriň henizem köpdügini belledi.

“Elbetde, Türkmenistanda entek edilmeli iş köp. Biz bular barada açyk we dostlukly ýagdaýda pikir alyşdyk we bu meseleleriň hötdesinden gelip bilmegi üçin ABŞ-nyň Türkmenistana nähili kömek edip biljekdigi barada diskussiýa etdik” diýip, Robert Bleýk aýtdy.

14-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýki we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet meseleleri boýunça kömekçisi Maýkl Pozneri kabul edipdi.

Robert Bleýk Türkmenistandan soňra Özbegistana sapar edýär, anna güni onuň Gyrgyzystana barmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG