Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli howpsuzlyk, jemgyýet we syýasat


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň soňky maslahatynda Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Amanowyň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň hakykatda nähili işler bilen meşgullanýandygyny aýan etdi.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, MHM ýurtda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, agzybirligi saklamak maksady bilen görülýän çäreleri amala aşyrmak bilen meşgullanýar eken.

Kadaly döwletlerde, ylaýta-da demokratik dünýäde jemgyýet we syýasat, barlyşyk hem agzybirlik ýaly meseleleriň ýedi menzil golaýyna güýç ulanyjy gurluşlar getirilmeýär. Tersine, içerki syýasy-jemgyýetçilik waklara, hadysalara goşulyşmak olar üçin gadagan!

Türkmen häkimiýetleri bolsa arassa graždan meseleleleriniň ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň gyzyklanýan zolagyndadygyny ýaşyrjagam bolmaýar.

Reformalar sorag astynda

MHM-niň oýnaýan bu roly türkmen propagandasynyň halkara demokratik standartlary hasaba alnyp, düýpli özgerişler geçirilýändigi baradaky yzygiderli tassyklamalaryny sorag astyna salýar.

Bu ýagdaý ýene bir zada – eger Türkmenistanda haýsydyr bir reforma geçirilýänem bolsa, onuň MHM–niň özüne dahylly däldigine şaýatlyk edýär.

Türkmen propagandasy gije-gündiz täze Galkynyş zamanasynyň başlanandygyny ýadaman-ýaltanman gaýtalap, tekrarlap, öwüp arşa çykarýanam bolsa, howpsuzlyk gullugyna onuň degişli ýeri ýok, ol bir gapdalda galýar. MHM reformalardan ýokarda durýardy, häzirem şeýle.

S.Nyýazow döwründe MHM jemgyýetiň üstünden gözegçilik etmekde baş gurallaryň biri, belki, iň esasy gurallaryň biri bolupdy. Şol durumyny ol häzirem üýtgewsiz saklap gelýär.

Munuň şeýledigini Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň soňky maslahaty ýene bir gezek tassyklady. Ýogsa bu ýagdaý prezidentiň öňe sürýän şygarlaryna gapma-garşy gelýär. Bu açyk göze dürtülip duran zat.

Şol şygarlara, birinjiden, yglan edilen açyk gapylar syýasatyny, ikinjiden, dünýä demokratik gymmatlyklarynyň akabasynda Türkmenistany ösdürmek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän gepleşiklerini mysal hökmünde getirmek mümkin.

Günbatar ynanmaz

MHM- niň demokratik özgerişleri amala aşyrmaga, durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine günbatarly liderleri, ylaýta-da günbatarly jemgyýetçilik işgärlerini ynandyrmak türkmen prezidentine başartmasa gerek.

Ministrligiň öňki tejribeleri hasaba alynsa, onuň ýurtda syýasy durnuklylygy hem agzybirligi üpjün etmek üçin nähili metodlary, usullary ulanýandygyny göz öňüne getirmek mümkin.

Halkara guramalaryň çap edýän hasabatlarynda, görkezijilerinde Türkmenistan dünýäniň iň repressiw režimleri bilen goňşy, şolaryň ýanyndaky setirlerde ýerleşýär.

Eger Günbatar döwletleriň liderleri Aşgabat bilen gepleşikler geçirýän bolsa, şol gepleşikler diňe bir ykdysady bähbitleri hasaba almak bilen geçirilmeýär. Ahyrsoňy türkmen häkimiýetlerine konstruktiw täsir ýetirmek hem ony liberal režime tarap çekmek Günbatar üçin bähbitli.

Şu ýagdaý işewür bähbitler bilenem bagly. Sebäbi iki tarap üçinem azatlyk näçe köp bolsa, biznesi ösdürmek şonça-da ýeňil. Dürli hili ideologik çäklendirmeler, onda-da Türkmenistanyň MHM-si ýaly güýçli edara şol çäklendirmelere gatnaşsa, bular diňe ýurduň ösmegine aýakbagy bolar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG