Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilat ýazuwy geçiriler


2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi. Ýazuwy geçirmek boýunça döwlet topary hem döredildi.

Bu möhüm çäräni Birleşen Milletler guramasynyň 2005-2014-nji ýyllarda BMG-niň agzalary bolan ýurtlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazgysyny geçirmek hakyndaky çözgüdine hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji aprelinde gol çeken degişli kararyna laýyklykda geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky ilkinji ilat ýazuwy ikinji Gökdepe söweşinden soň häzirki Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynyň territoriýalary we Aşgabat şäheri Zakaspiý oblasty diýen umumy at bilen Russiýa imperiýasynyň düzümine girizileninden soň geçirilipdir.

Sowet döwrüniň ilat ýazuwlary

Sowet soýuzy döwründe ilkinji ähliumumy ilat ýazuwy 1926–njy ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä geçirilýär. Ýazuw sowal-jogap görnüşinde şäher ýerlerinde 7 günüň, oba ýerlerinde 14 günüň dowamynda geçirilýär.

Sowetler döwrüniň ilkinji ilat ýazuwynyň sowalnamasy 14 soragdan ybarat bolýar. Sowalnama adamyň jynsy, ýaşy, nika ýagdaýy, milleti, ene dili, sowatlylygy, doglan ýeri, maýyplyk derejesi, fiziki kemçilikleriniň barlygy ýa-da ýoklugy baradaky soraglary öz içine alypdyr. Şeýle hem soraglaryň käbiri adamlaryň aýratyn topary üçin niýetlenip, olar adamyň nähili goşmaça işler bilen meşgullanýandygyna, sosial ýagdaýyna, kärine we işleýän ýerine degişli bolupdyr. Şol ýazuwyň netijesi 56 toma barabar bolýar.

Sowet soýuzy döwründäki ikinji ilat ýazuwy 1937-nji ýylda 6-njy ýanwardaky ýagdaýa görä geçirilýär. Emma onuň netijeleriniň ykrar edilmänligi sebäpli, ilat ýazuwyny 1939-njy ýylda täzeden geçirmeklik planlaşdyrylýar. Şeýlelikde, ikinji ilat ýazuwy 1939-njy ýylyň 17-nji ýanwarynyň 00.00 sagadyndaky ýagdaýa görä geçirilýär. Bu gezekki sowalnama 16 sany soragdan ybarat bolýar. Emma Ikinji jahan urşunyň başlanmagy bilen 1939-njy ýylyň netijeleri doly işlenilip taýýarlanylmaýar.

Uruş gutarandan soň alymlar urşuň ýetiren zyýanynyň möçberini kesgitlemek üçin täze ilat ýazuwynyň zerurlygy baradaky meseläni gozgaýarlar. Emma 1946-1947-nji ýyllarda SSSR-de ýaýran açlyk we ýetmezçilik bu meseläniň ýene çözülmän galmagyna getirýär.

1959-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwy 1939-njy ýyldakydan düýpli tapawutlanmaýar. Emma bu ilat ýazuwynyň ýurtdaky demografiki we sosiologiki barlaglaryň giňden ýola goýulmagyna esas döredenligi üçin oňa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ilat ýazuwy netijesinde TSSR-iň ilaty 1,5 milliondan gowrak diýlip, hasaba alynýar.

Ondan soňraky ilat ýazuwlary 1970-nji ýylyň 15-njy ýanwaryndaky, 1979-njy ýylyň 17-nji ýanwaryndaky we 1989-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky ýagdaýlara görä geçirilýär. 1989-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwy ilatyň ýaşaýyş jaý şertleri baradaky maglumatlary ýygnamaklygy hem göz öňüne tutýar.

Garaşsyzlykdan soň

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň ilkinji ilat ýazuwy 1995-nji ýylyň 10-nji ýanwarynyň 00.00 sagadyndaky ýagdaýa görä geçirilýär. Ilat ýazuwy 10 günüň dowamynda amala aşyrylýar. Ýazuwda ilatyň üç kategoriýasy hasaba alynýar: bar bolan ilat, hemişelik ýaşaýan ilat we daşary ýurtda ýaşaýan möhleti dowamly bolan ilat.

Ýazuw kagyzy 19 soragdan ybarat bolýar. Olar adamyň jynsy, doglan wagty, doglan ýeri, nika ýagdaýy, milleti, ene dili we gürläp bilýän beýleki dilleri, bilimi, okaýan okuw jaýynyň görnüşi, esasy iş ýeri, esasy iş ýeri boýunça käri, ýaşaýyş üçin zerur bolan gazanç çeşmeleri, ýaşaýyş jaýynyň görnüşi, jaýyň kime degişlidigi, öý hojalygyna degişli mellek ýerlerindäki mülki baradaky soraglary hem öz içine alýar. Şol ilat ýazuwy netijesinde Türkmenistanyň ilat sany 4,5 milliona golaý diýlip kesgitlenýär.

Şu çaka çenli Türkmenistanyň ilatynyň sany barada dürli maglumatlar bardy. Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýurduň ilatynyň 6 milliondan geçýändigini aýdypdy. Emma resmi däl maglumatlarda Türkmenistanyň ilatynyň 4 milliondan gowrakdygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi maglumatlary we Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG