Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk guramalary Brýussele ýüzlendi


Ýewropa Bileleşiginiň komissary Andris Piebalgs we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Brýusselde, 2007-nji ýyl.
Ýewropa Bileleşiginiň komissary Andris Piebalgs we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Brýusselde, 2007-nji ýyl.

17-nji iýunda halkara hukuk goraýjy toparlardan ybarat sekiz gurama Ýewropa Bileleşigine ýüzlenip, umumy beýanat ýaýratdy. Şol beýanatda Ýewropa ýolbaşçylaryndan, şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň graždan jemgyýetçiliginiň arkasynda durýandyklaryny yglan etmekleri talap edilýär.

Beýanatyň ýaýradylmagyna Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy guramasy, Belarus Helsinki komiteti, Bolgar Helsinki komiteti, Serbiýadaky adam hukuklary boýunça komitet, Adam hukuklary we kanunyň üstünligi boýunça Gazagystanyň halkara býurosy, Moskwanyň Helsinki topary, Gollandiýanyň Helsinki komiteti we Norwegiýanyň Helsinki komiteti gatnaşdy.

Hukuk goraýjy guramalar tarapyndan ýaýradylan bu beýanatda aýratynam Türkmenistanda hereket edýän hökümete degişli bolmadyk guramalaryň aç-açan iş alyp barmagyna rugsat edilmeginiň zerurdygy barada gürrüň edilýär.

“Öňki türkmen režimi bilen deňeşdirilende, häzirki hökümet käbir oňyn ädimleri ätdi, bu ädimler gowy garşy alynmaly” diýlip, agzalýan guramalar tarapyndan ýaýradylan beýanatda ýatlanylýar.

Bu beýanatda soňra şeýle diýilýär: “Emma heniz ädilmeli ädimler gaty köp. Türkmenistan henizem iň repressiw ýurtlardan biri bolup galýar, ýurtda oppozision syýasy partiýalar ýok, habar beriş serişdeleriniň ählisi hökümetiň gözegçiliginde we graždan jemgyýetçilik guramalary aç-açan iş alyp baryp bilmeýärler”.

Şol metbugat beýanatynda aýratynam hökümete degişli bolmadyk guramalary hasaba aldyrmak işiniň gaty kyndygy, demokratiýa we adam hukuklary bilen bagly hereketlere gatnaşýan raýatlara howpsuzlyk güýçleri tarapyndan haýbat atylýanlygy we olaryň gorkuzylýanlygy aýdylýar.

Tuhbatulliniň başdan geçirýänleri

Farid Tuhbatullin
“Şol ugurlar boýunça henizem hökümetiň nukdaýnazaryndan “oňaýsyz” adamlar diýlip hasaplanýan raýatlary jezalandyrmak üçin ýurtda köllektiwleýin jeza çärelerinden peýdalanylýana meňzeýär” diýlip, beýanatda türkmenistanly hukuk goraýjy aktiwist Farid Tuhbatulliniň başyndan geçiren wakalary mysal hökmünde görkezilýär.

Şol beýanatda häzirki döwürde Farid Tuhbatulliniň maşgalasy bilen hiç hili göni gatnaşygy bolmadyk adamlaryň-da Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýakynda Daşoguzda sorag edilenligi aýdylýar.

Farid Tuhbatullin Türkmenistany terk etmezden ozal şol şäherde ýaşapdy, onuň ene-atasy henizem Daşoguzda ýaşaýarlar.

Beýanatda aýdylşyna görä, 2010-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistnyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň regional edarasynyň wekilleri Daşoguzda ýerleşýän ençeme mekdebe baryp, Tuhbatulliniň çagalary hakda maglumat ýygnapdyrlar.

Faridiň ogullary häzirki döwürde kakasy bilen bilikde Awstriýada ýaşaýarlar. Resmiler şol oglanlaryň nirede we haçan bilim alanlygy we olaryň mugallymlary hemem klasdaşlary barada dürli soraglar beripdirler.

Beýanatda aýdylyşyna görä, bu waka Farid Tuhbatulliniň Türkmenistandaky ýagdaýlar barada ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda eden çykyşynyň yz ýanyndan boldy. Bu wakadan soň Tuhbatullin öz maşgala agzalary we Daşoguzda ýaşaýan öňki dost-ýarlarynyň ykbaly barada alada edýär diýip, hukuk goraýjy halkara guramalar tarapyndan ÝB ýüzlenilip ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

Brýusselden talap edilýär

Şol guramalar aýratynam ÝB bilen Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda dialog geçirilýän häzirki pursatda, bu wakalaryň türkmen ýolbaşçylarynyň öňünde goýulmagyny hem Brýusselden talap edýärler.

Şol beýanatda Türkmenistanyň söz we jemlenişmek hukugyndan peýdalanmaga ilata rugsat etmeginiň we BMG-niň Adam hukuklaryny goramak boýunça mehanizmi bilen dolulygyna hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygynyň Ýewropa wekilleri tarapyndan Aşgabada ýatladylmagy talap edilýär.

Agzalýan topar hökümete degişli bolmadyk guramalary hasaba almak düzgüniniň gaýtadan gözden geçirilmeginiň we onuň ýeňilleşdirilmegi meselelesiniň hem türkmen wekilleriniň öňünde goýulmagyny talap edýär.

Şol topar, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň parahatçylykly ýagdaýda demokratiýa we adam hukuklary babatdaky işlerini dowam etdirmäge rugsat edilmeginiň zerurdygyny ýatladýar.

Şeýle-de agzalýan sekiz gurama tarapyndan ýaýradylan şol beýanatda, Türkmenistan bilen bagly iş alyp barýan hukuk goraýjy guramalaryň wekilleriniň maşgala agzalaryna gysyş edilmeginiň Ýewropa tarapyndan ýazgarylmagy ündelýär.
XS
SM
MD
LG