Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HFF: Demirgazyk Koreýanyň oýunçylary ýitirim bolmady


Halkara futbol federasiýasy häzir Günorta Afrikada geçýän dünýä ýaryşynda Demirgazyk Koreýanyň 4 oýunçysynyň ýitirim bolandygy barada köpçülikleýin habar serişdelerinde peýda bolan maglumaty ret etdi.

15-nji iýunda Braziliýa bilen bolan bäsleşikde Demirgazyk Koreýaly 4 oýunçynyň görünmändigi sebäpli, olar gaçandyr diýen habar peýda boldy.

Halkara futbol federasiýasynyň wekiliniň sözüne görä, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndy komandasyndan hiç kim şu mesele boýunça olara ýüz tutmandyr.

Ol habary Günorta Afrikadaky Demirgazyk Koreýanyň ilçihanasy hem ret edipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG