Şöhratparaz diktator Saparmyrat Nyýazowyň geçen asyryň aýagynda Türkmenistanyň paýtagtynda öz-özüne dikdiren belent diňi hem onuň üstündäki gedem altyn heýkeli öz ömrüni paýawlady. Türkmenleriň howuny basmak üçin gurlan we "taganaýak", ýagny "üç aýak" adyny alan bu gymmatbaha altyn heýkel uzaga gitmedi. Onuň gurlanyny görenleriň köpüsine ýykylanyny görmegem nesip etdi.
Eýse, muňa begenmelimi ýa-da gynanmaly? Bu sowala kesgitli jogap tapmak kyn: çünki oňa begenseň begenip, gynsaňam gynanyp oturmaly. Begençli ýeri – halky äsgermän, "men näme etsem, şolam dogry bolar" diýip, 20 ýyllap eden-etdilik bilen höküm süren çalasowat despotyň heýkeli ýykylýar. Diýmek, taryh örän gysga wagtyň dowamynda diktatoryň bimamladygyny, eden-etdilik bilen halkyň aňyna, ýadyna ebedilik girip bolmaýandygyny subut edýär. Ýagny, belli bir derejede adalat dikelýär.
Gynançly ýeri, bu ýadygärligi ýykmak üçin sarp ediljek pullar – halkyň puly. Onsoň ozalynda ony gurmak, saklamak, indem ony ýykmak hem ýerinde täze şoňa meňzeş ýene bir ýadygärligi dikeltmek üçin sarp ediljek pullary hasaplap görseň, onda azyndan 400 million dollar töweregi bolýar. "Taganaýagyň" taýak atym beýlesindäki kaşaň hökümet tribunasyny ýykyp, gabadyndan täzesini gurmak üçin sarp edilen serişdeleri hem onuň üstüne goşsaň, onda iki sany "şa güýmenjesi" üçin halkyň ýarym milliard dollar çemesi puly ýele sowrulýar.
Bu ägirt uly çykdajy. Ol pullara onlarça müň adamyny ömrüniň ahyryna çenli ygtybarly iş ýerleri bilen üpjün edip, azyndan on sany ýokary okuw jaýyny gurup, onda onlarça müň türkmen studentlerine ýokary bilim berip boljak, onlarça müň türkmen bäbekleriniň ömrüni halas edip boljak ýa-da Türkmenistanyň her etrap merkezinde döwrebap syrkawhanalary gurup, olary abzallaşdyryp, halkyň çyn alkyşyny alyp boljak. Eger-de medeni sfera geçsek, onda sökülip-düzülýän ýadygärligiň puluna türkmeniň bütin taryhyny dikläp, gadymy ýadygärliklerini rejeläp, ähli ýazuw ýadygärliklerini ýygnap, täzeden çap edip, ähli klassyk şahyrylarymyzyň hem diri gezip ýören ýazyjy-şahyrlaryň derege geçýän eserlerini iň gowy kagyzda lowurdadyp neşir edip, halka ýetirip boljak. Türkmeniň ylymyny-bilimini, sungatyny görülmedik derejä göterip boljak. Onsoň şu zatlar ýadyňa düşende, heý, neneň edip, ardurja ýele sowrulýan 500 million dollar çemesi pula gynanmajak?!
"Taýagyň iki ujy bar"
Emma "Taýagyň iki ujy bar" diýleni, bu heýkeliň uzak durmagy, görnüşine görä, biziň halkymyza uzagyndan has hem gymmat düşjek. Nyýazowyň ýadygärliginiň ýykylmagynyň begenmeli tarapam az däl. Muňa düşünmek üçin onuň başda näme maksat bilen gurlandygyny ýatlamaly. Nyýazow özüne altyn heýkeli halkyň hiç zatdygyny subut etmek, onuň alaçsyzlygyny gözüne basmak üçin gurdurdy. Aslynda bu ýadygärlik däl-de, eýse eden-etdiligiň aýdyň nusgasy.
Gelşiksiz ýeri-de, bu gopbamsy heýkel Aşgabadyň hemişelik simwolyna öwrülip barýar. Soňky ýyllarda daşary ýurt metbugatynda Türkmenistan hakda makala çyksa, köplenç bu heýkele-de orun berilýär. Onsoň onuň ýykylany kemem däl. Üstesine-de, eger eden-etdiligiň nusgasy depesinde hellewläp dursa, türkmeniň hiç haçan geýregi galjaga meňzänok. Diktatoryň dirikä özüne gurduran ýadygärligini aýyrýan adam, belki, öňküniň gödek ýalňyşyny özüne sapak ediner diýen inçejik umydam ýok däl. Gepiň keltesi, eden-etdiligiň simwolynyň ýykylmagy gürrüňsiz özüni ödär.
"Taganaýagyň" ýerinde ondanam 20 metr belent, ýagny 95 metrlik ýadygärlik guruljak. Ol – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň monumenti bolmaly. Bu nähili guwandyryjy zat! Emma eger-de ýurtda hakykatdanam Baş kanuna sarpa goýulýan bolsady, onda oňa beýle gymmatbaha heýkel gurulmazdy. Oňa derek Konstitusiýa halkyň hak-hukuklaryny, adamçylyk mertebesini üpjün ederdi. Onsoň Baş kanunyň iň belent, ebedilik ýadygärligi türkmenleriň, her bir türkmenistanlynyň ýüreginiň töründe bolardy.
Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.