Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşekeşlikden saplaýan “12 ädim” usuly


Barlaglaryň netijesinde "12 ädim" usuly boýunça bejerilen adamlaryň 30-40 %-niň gaýtadan neşä baş goşman, doly saplanandyklary anyklanypdyr.
Barlaglaryň netijesinde "12 ädim" usuly boýunça bejerilen adamlaryň 30-40 %-niň gaýtadan neşä baş goşman, doly saplanandyklary anyklanypdyr.

Dünýäniň köp ýurtlarynda neşe garaşlylygyna uçranlara kömek bermek üçin işlenip düzülen “12 ädim” usuly gowy netije berýär diýip, bilermenler tassyklaýarlar.

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň neşe maddalaryna hem jenaýatçylyga garşy göreş boýunça edarasy 2010-njy ýyl boýunça neşe barada ýörite hasabat ýaýratdy. Şol hasabatda Türkmenistanda diňe geroin ulanýan neşekeşleriň sanynyň 31 müňden gowrakdygy aýdylýar. Emma ýerli synçylar geroinkeşleriň sanynyň aýdylýanyndan birnäçe esse köpdügini çaklaýarlar.

Ýerli synçylar hem žurnalistler häzirlikçe Türkmenistanda neşekeşlere garşy, sowet döwründäki ýaly, repressiw metodlaryň ulanylýandygyny tassyklaýarlar. “12 ädim” diýlip atlandyrylýan usul bolsa adamkärçilik prinsiplerine esaslanyp düzülen.

Usulyň döreýşi


“12 ädim” programmasynyň döremeginiň taryhyna göz aýlasak, ol 18-nji asyryň ahyrynda dindar filosoflar topary tarapyndan işlenilip düzülipdir. Başda “10 ädim” diýlip atlandyrylan bu programma hristian dininiň ahlak prinsiplerine esaslanyp döredilipdir. Onuň adamynyň şahsy hasiýetlerini kämilleşdirmekde örän peýdalydygy hem belli.

1935-nji ýylda, ABŞ-da iň elhenç ykdysady krizis ýüze çykan döwründe, bu ýurtda alkogol içgilerine gadagançylygyň girizilendigine garamazdan, arakhorlaryň sany birden köpelýär.

Şonda köp ýylyň dowamynda alkogola garaşlylykdan gutulyp bilmän ýören iki adam Çikago şäherinde duşuşýar. Olar iki asyr öň döredilen “10 ädim” programmasy boýunça özlerini bejerip başlaýarlar hem-de şol programmanyň netije berýändigine göz ýetirip, beýleki arakhorlary hem öz toparyna çekip başlaýarlar.

Netijede arakhorlaryň dünýä belli anonim jemgyýeti döreýär. Agzalan programma bolsa, alymlar tarapyndan has kämilleşdirilip, “10 ädimden” “12 adim” programmasyna öwrülýär.

“12 ädim”

Narkologiýa boýunça spesialistleriň pikirlerine görä, bu programma alkogola ýa-da neşä garaşly bolan adamyň ruhy taýdan özgermegine getirýär. 1953-nji ýylda “12 ädim” programmasyna esaslanyp, neşekeşleriň anonim jemgyýeti döredilýär.

“12 ädim” programmasynyň adyndan belli bolşy ýaly, neşekeş neşä garaşlylykdan saplanmak üçin 12 basgançagy geçmeli.

Birinji basgançakda neşekeş neşä gezek gelende özüniň ejizdigini boýun almaly, ýagny neşekeşiň psihikasyna täsir edýän neşe zerarly neşekeşiň öz durmuşyna, öz ömrüne gözegçilik edip bilmeýändigine boýun bolmaly.

Ikinji adimde neşekeş özünden has güýçli güýjüň bardygyna, şol güýjüň hem onuň kadaly durmuşa dolanmagyna ýardam berjekdigine ynanmaly.


Üçünji ädimde neşekeş öz ömrüni hem-de öz erkini Hudaýa tabşyrmaly.

Dördünji ädimde neşekeş özüni alyp barşyna üns berip, durmuşyny analiz etmeli.

Bäşinji ädimde näsag şol analiziň netijesinde öz yalňyşlyklaryny boýun almaly.

Altynjy ädimde näsag Hudaýa daýanyp, öz kemçiliklerini düzetmäge synanyşmaly.

Ýedinji adimde neşekeş Alladan kemçiliklerinden saplanmaga ýardam bermegini dilemeli.

Sekizinji adimde neşekeş öz ömrüniň dowamynda göwnüne degen adamlarynyň atlarynyň sanawyny düzmeli we şol adamlardan tüýs ýürekden ötünç soramagy islemeli.

Dokuzynjy ädimde şol göwnüne degen adamlaryndan ötünç sorap, öz günäsini ýuwmaga synanyşmaly.

Onunjy ädime görä, neşekeş öz-özüne edýän analizini dowam etdirip, ýalňyşlyk edendigini duýan halatynda ony düzetmäge synanyşmaly.

Soňra, on birinji adimde, aýat-dogalary okap, oýlanyp, Hudaýa ýakynlaşmaga synanyşmaly, Taňrynyň ynsandan talap edýän işlegini ýerine ýetirmek üçin ondan güýç-gaýrat dilemeli.

Iň soňky, 12-nji ädimde, bolsa sizi Ruhy galkynyşa ýetiren programma barada beýleki neşekeşlere gürrüň berip, olaryň neşekeşlikden gutulmagyna ýardam bermeli.


Elbetde, ýokarda agzalan 12 ädimi ýuwaş-ýuwaşdan geçmek hemme adama başartmaýar. Şonuň üçin bu programmanyň barşynda neşekeşleriň topary bilen, adatça, psihologlar işleýärler.

Bu ugurdan bilermenler neşekeşlikden gysga wagtda saplanyp bolmaýandygyny aýdýarlar. Emma hakykatdan neşe garaşlylygyndan saplanmak isleýän adamlar bu programmadan soňra kadaly durmuşa dolanyp barýarlar diýip, narkologlar aýdýarlar.

Usulyň prinsipleri

Bu usulyň prinsiplerine ýene şeýle düzgünler girýär: hiç zat etmän oturanyňdan azda-kände hereket etmäge synanyşmaly. Spesialistler, bu prinsipden ugur alyp, neşekeşe “12 ädim” programmasy boýunça döredilen toparlara gatnap başlamagyň zerurdygyny nygtaýarlar.

Amerikan filmlerinden tanyş epizodda neşekeş ýa-da arakhor şeýle toparlara baryp, ilki bilen neşä garaşlylygynyň bardygyny boýun alýar. “Salam, meniň adym Jon, men neşekeş” diýip, şol adam, ýygnanan beýleki adamlara öz-özüni tanadýar. Şol topara ýygnanan neşekeşler öz dertlerini biri-birine açyp, durmuş tejribesinden maslahatlar bilen biri-birini goldamaga synanyşýarlar.

Bu 12 adim diýlip atlandyrylan programma boýunça döredilýän toparlar köplenç hökümete degişli däl guramalar tarapyndan gurnalýar. Bu programmanyň netije berýändigine göz ýetiren amerikan spesialistleri 1940-njy ýyllaryň ahyrynda onuň Minesota görnüşini işläp döredipdirler. Bu görnüşde neşekeşler diňe biri-birine ýardam berenoklar. Olar bilen işleşýän spesialistler psihologiýanyň, psihiatriýanyň, sosiologiýanyň soňky açyşlaryny ulanyp, bejeriş prosesine ýardam berýärler.

“12 ädim” diýen programmanyň Minesota görnüşinde derman terapiýasy düýpden ulanylmaýar. Bu programmada esasan agzalan toparlarda alnyp barylýan gürrüňler arkaly keselliniň öz üstünde işlemegini gazanmak arkaly netije gazanylýar. Ýagny, spesialistler ilki bilen adamyň özüni alyp barşyny özgerdip, soňra onuň dünýägaraýşyny üýtgedýärler. Türgenleşik arkaly täze endikleriň döremegi gazanylýar. Başda adamyň bedeni üýtgedilýär, bu bolsa soňra onuň aň-düşünjesine täsirini ýetiryär. Bu programmada ilki bilen bedeniňi özgert, soňra kelläňdäki pikirler hem özgerer diýen düşünje hem bar.

“12 ädim” programmasy ruhy taýdan adamyň özgermegine, ruhy belentligine öňyn täsir edip hiç bir neşesiz özüni gowy duýmagyna getirýär.

Iň esasy zat neşesiz ýaşamakdyr

Bu programmanyň dowamynda birnäçe şygarlar ulanylýar. Şol häli-şindi gaýtalanyp durulýan şygarlar neşekeşe neşesiz ömür sürmäge ýardam berýär. Mysal üçin “Diňe şu günüň bilen ýaşa” diýen şygar 24 sagadyň dowamynda neşe etme diýen manyda ulanylýar. Ýagny, bütin ömrüň, geljegiň barada pikir etmän, diňe bir gün neşesiz ýaşamaga çalyşmaly.

Soňra, ertesi gün gelende, şol 24 sagady ýaňadan başlamaly. Psihologik taýdan gysga möhletde näsaga neşesiz ýaşamak aňsadrak bolup görünýär. Soňra-da “Iň esasy zat – neşesiz ýaşamakdyr” diýen şygar bar. Bu şygar, beýleki gaýgy-aladalaryňy bir gyra süýşürip, diňe agzyň arassalygy barada pikir etmeli diýen manyda ulanylýar.

Sebäbi neşekeşlere köplenç gaýtadan neşä baş goşmak üçin bahana gerek bolýar. Şol bahanany bolsa gündelik durmuşdaky aladalarda hemişe tapyp bolýar. Şonuň üçinem neşekeşiň ünsi başga problemalara däl-de, esasan neşäni ulanman saklanmaga gönükdirilmeli.

“Sabyrly gul dura-dura şat bolar, bisabyr gul tiz ýolugar belaga” diýen şygar, bejeriş prosesini howlukdyrmaly däldigini, onuň dowamynda bir ädimden beýleki ädime ýuwaş-ýuwaşdan geçmelidigini aňladýar. Hemme aýdylanlary birden berjaý etmäge synanyşýan neşekeşler, adatça, hiç zada ýetişmän, lapykeç bolýarlar. Şeýle ýagadaýda bolsa onda gaýtadan neşä baş urmak howpy artýar.

Neşä garaşlylykdan ejir çekýän adam diňe howlukman, täzeden neşesiz ýaşamaga öwrenişip biler diýip, spesialistler aýdýarlar. “Men ýeke özüm başarmaryn, emma bilelikde biz başararys” diýen şygar neşekeşe başyna inen bela bilen ýalňyz, başa-baş galmandygyny, bilelikde hatda neşekeşlik ýaly agyr beladan hem gutulyp bolýandygyny ýatladýar.

“12 ädim” programmasy boýunça düzülen toparlarda hökmany suratda neşekeşlikden saplanan adamlar hem bolýar. Şolaryň mysallary bolsa neşekeşlikden bejerilmek isleýän adamda umyt döredýär. “Ol saplanan bolsa, näme üçin men bu beladan gutulyp bilmerin?!” diýen pikir hem neşekeşiň erkini taplaýar.

Bu agzalan şygarlar diňe bejeriliş döwründe däl, eýse neşekeş neşe garaşlylygyndan saplanandan soň hem kadaly ýaşamaga ýardam berýär. Neşekeş bu programma boýunça geçirlýän bejeriliş terapiyasyna gatnap, onuň bilen bir toparda bolan adamlar bilen ýakyn gatnaşyk gurýar, olar bilen dostlaşýar. Şol adamlar diňe bejerlişiň dowamynda däl, eýse galan wagt hem biri-birine kömek edýärler. Sebäbi neşekeşiň öňki bile neşe çeken dostlary köp halatlarda önuň gaýtadan neşä başlamagyny isläp, dürli usullar bilen ony yrmaga çalyşýarlar.

Bile bejergiden geçen adamlar bolsa: ýok, saklan, gaýdyp neşe etme – diýen ýaly maslahatlar bilen ony goldamaga çytraşýarlar.

“12 ädim” näderejede netijeli?

Neşe garaşlylygyndan saplanmak üçin ulanylýan “12 ädim” programmasy Amerikanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň ýurtlarynda we Awstraliýada giňden ýaýran usuldyr.

1992-nji ýylda amerikanyň psihiatrlar birleşigi tarapyndan bu programmanyň netijeliligi barlandy. Barlaglaryň netijesinde bu programma boýunça bejerilen adamlaryň 30-40 %-niň gaýtadan neşä baş goşman, doly saplanandyklary anyklanypdyr.

Bu usul boýunça bejerilmäge synanyşan adamlaryň ýene 30-40 %-niň bu bejeriş terapiýasynyň barşynda bir ýa-da iki gezek gaýtadan neşä baş goşup, soňra doly bejerilendikleri anyklanypdyr.

Bu barlaglary geçiren amerikan psihiatorlary neşekeşleriň galan 20-30 %-niň neşäni birnäçe gezek başlap-taşlap, şeýdip, birnäçe sapar “12 ädim” atly bejeriş programmasyna gaýtalap gatnaşmaly bolandyklaryny anykladylar.

Spesialistleriň tassyklamagyna görä, neşekeşlik keselini bejermekde neşekeşleriň 30-40 %-niň bu dertden doly saplanmagy gaty gowy görkezijidir.
XS
SM
MD
LG