Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan täze Konstitusiýa ses berýär


Gyrgyzystan şu gün berk howpsuzlyk çäreleri astynda täze Konstitusiýa barada referendum geçirýär.

Gyrgyzystan täze Konstitusiýa ses berdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:29 0:00


Saýlaw resmileri saýlawa gatnaşmaga ukyply raýatlaryň 60 prosentden gowragynyň referenduma gatnaşandygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň geçiş hökümetiniň lideri Roza Otunbaýewa şu gün irden ýurduň günortasyndaky Oş şäherinde ses berdi.

Oş şäherinde golaýda bolan etnigara zorluklarda 275 adam öldürilipdi. Otunbaýewa adamlar durnuklylyk, kanuny hökümet üçin ses berýärler diýdi.

Bu refrendum aprelde bolan halk gozgalaňy netijesinde häkimiýete gelen Otunbaýewanyň hökümetine kanuny durum bermeli.

Oş şäheriniň ýaşaýjysy, etniki özbek Mahira Sabirowa Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Men öz mähellämizde, referendum gowy geçýär. Hudaýa şükür, bu gün parahatçylyk. Biziň hemmämize parahatçylyk gerek. Biz ähli goňşular bolup ses bermäge gitdik.»

Ýöne oşly özbek Gulasal Wohidjanowa özüniň ses bermäge gitmändigini, sebäbi öýi otlananda pasportunyň öý goşlary bilen bile ýanandygyny aýtdy.

Numan atly gyrgyz bolsa özüniň referenduma ýok diýmäge gidendigini, sebäbi olaryň häkimiýete güýç bilen gelendigini we beýle häkimiete özüniň garşydygyny aýtdy.

Teklip edilýän Konstitusiýa prezidentiň ygtyýarlyklaryny esli derejede azaldyp, Merkezi Aziýadaky ilkinji parlament respublikasyny döreder.

Ses berişligiň başky netijeleriniň duşanbe güni belli bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG