Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl haç komiteti gyrgyz türmelerine baryp görmekçi


Halkara Gyzyl haç komitetiniň ýolbaşçysy Oşda bolan etnigara çaknyşyklardan soň tussag edilen adamlary baryp görmäge rugsat sorap, gyrgyz hökümetine ýüz tutanlygyny habar berdi.

Guramanyň prezidenti Ýakob Kellenberger bu çagyryşy düýn Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa bilen geçiren duşuşygynda edendigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde BMG-nyň ynsanperwerlik kömeklerini utgaşdyrmak boýunça edarasy şol çaknyşyklarda öýlerini terk etmäge mejbur bolan bosgunlaryň däri-derman gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolup duranlygyny habar berýär.

BMG şol dartgynlyk bilen bagly 375 müň töweregi adamyň henizem öýlerine dolanyp bilmeýändigini çak edýär.
XS
SM
MD
LG