Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senatyň kometeti Petreusyň kandidaturasyny tassyklady


ABŞ-nyň Senatynyň komiteti general Petreusy NATO-nyň we ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň ýolbaşçysy wezipesine bellemek baradaky Obamanyň teklibini goldady. Bu ädim şol teklibiň Senat tarapyndan hem tassyklanmagyna ýol açar.

General Petreus Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň öňünde düýnki eden çykyşynda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň gaty çylşyrymlydygyny hem belledi.

General Petreus “ABŞ Owganystan boýunça syýasatyny sabyr bilen alyp barar, duşman muňa göz ýetirmelidir” diýdi.

“Owganystandaky ýagdaýy bu ýurduň harbylarynyň doly manyda öz gözegçiliklerine almagy ençeme ýyl talap eder. Şonuň üçin Owganystana ýardam bermek we bu tagallanyň sabyr bilen amala aşyrylmagy zerurdyr. Muňa Talyplar-da, Al-Kaýda-da, pakistanly hyzmatdaşlarymyz-da şübhelenmesin” diýip, general Petreus aýtdy.

Mundan öň ABŞ-nyň Yrakdaky harbylaryna hem ýolbaşçylyk eden Petreus Owganystan boýunça alnyp barylýan harby strategiýany gaýtdan gözden geçirjekdigini hem mälim etdi. Şol strategiýa Owganystandaky parahat ilata zeper ýetirýänlikde tankyt edilýär.

General Petreus amerikan harbylarynyň 2011-nji ýylyň iýul aýyndan başlap Owganystany terk edip başlamagy barada Obamanyň öňe süren teklibini goldaýanlygyny hem aýtdy.

Petreus Owganystanda ýerleşýän NATO we amerikan harbylarynyň ýolbaşçysy wezipesine tassyklansa, ol general MakKristalyň öňki wezipesini eýelär. MakKrystal amerikaly ýolbaşçylary tankyt edenligi üçin bu wezipeden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG