Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuw we iş


 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentleri, 2008-nji ýyl.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentleri, 2008-nji ýyl.

Maglumatlara görä, her ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny 4000-e golaý student tamamlaýar. Şol ýaşlaryň işlejek ýerleri öňünden belli edilýärmi? Täze uçurumlar üçin işe ýerleşmek şertleri we düzgünleri, täze spesialistleriň öz karýeralaryny gurmak mümkinçilikleri nähili?

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň uçurumlary, 2010-ny ýyl
Türkmenistanly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew ýurduň ýokary okuw jaýlaryny tamalaýan ýaşlaryň diňe tanyş-bilişlik we garyndaşparazlyk esasynda işe ýerleşip bilýändiklerini, daşary ýurt kompaniýalaryna işe ýerleşjek bolsalar, şol kompaniýalaryň türkmen ýaşlarynyň bilim derejesine we dil bilşine üns berýändiklerini aýdýar.

“Şeýle-de ençeme edaralara işe ýerleşmekçi bolanlarynda Türkmenistanyň ýörite gulluklaryndan ýaşlar barada hasiýetnama soralýar. Eger-de olaryň üç arkasynda ýurduň gara sanawyna düşenler bar bolsa, olara ynamly adamlar däl diýilen maglumat berilýär. Bu ýagdaý ýaşlaryň işe ýerleşmegine böwet bolýar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Soňky döwürde Türkmenistanda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy barada alada edilip, ýokary okuw jaýlarynyň döwrebap tehnika bilen üpjün edilen taze binalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ýaşlaryň daşary ýurtlarda okap, bilim almagy barada hem belli bir derejede alada edilýar.

Emma ýazyjy Bugaýew şol ýaşlaryň Türkmenistana öwrülip gelmeginiň sorag astynda galýandygyny aýdýar: “Öz ylym-bilimi, öz güýji bilen daşary ýurtlara okuwa giden ýaşlar, adatça, yzyna öwrülmeýärler. Sebäbi ýokary wezipelerde işleýän hossarlary bolmasa, olar işe ýerleşip bilmeýärler. Şonuň üçin hem Türkmenistana suw we howa ýaly zerur spesialsitler ýurda dolanyp gelmeýärler”.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Merkezi Aziýa regiondaky bilimli-ylymly spesialistleriň uly bölegi işlemäge daşary ýurtlara gitdiler. Daşary ýurtlara işlemäge giden spesialistleriň Türkmenistanda hem az däldigi aýdylýar.

Emma Bugaýew olaryň-da daşary ýurtlara ogryn ýol bilen gidýändiklerini aýdýar. «Sebäbi migrasiýa gulluklary olaryň gitmegine mümkinçilik bermeýärler. Häzir ýurtda daşary ýurt pasportlaryny 2013-nji ýyla çenli almak hakynda ýörite perman bar. Emma ol belli bir şertlerde berilýär. Mysal üçin, okamaga gidýän bolsa we onuň okajak ýurdunyň Daşary işler ministrliginden ýörite haty bolsa ýa-da ýaşlar Turkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwrüp, başga ýurduň raýatlygyny alýan bolsa».

Ýaş uçurymlar hakda alada barmy?

Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Ak Welsaparyň aýtmagyna görä, Sowet döwründe ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýan studentler üçin öňünden girizilen düzgün bardy. “Ýaşlar okuwy gutarmankalar, olaryň baryp işlemeli ýeri belli edilýärdi. Hatda okuw jaýyny bitiren ýaşlar iki ýyl hökman bir ýerde işlemelidi. Şol döwürde okuw jaýynyň studente eden çykdajylary ödelýär diýlip hasap edilýärdi. Iki ýyldan soň ol islän ýerinde öz hünäri boýunça işlap bilýärdi. Başga hünäre geçmek halanmazdy”.

Türkmen döwlet politehniki institutynyň uçurymlary, 2010-njy ýyl.
Emma häzir beýle ýagdaýlar bolmansoň, ýaşlar işe ýerleşmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga mejbur bolýarlar diýip, ýazyjy sözüni dowam etdirdi: “Häzir Türkmenistanda önki Sowet döwründe bolan aladalar hem edilenok. Şol sebäpli ýaşlar islendik ýol bilen özlerine iş ýerlerini tapynmaly bolýarlar. Şondan kadrlaryň zaýalanmasy başlanýar. Olar ilkibaşdan nädogry ýola düşýärler. Şonun üçin hem Türkmenistan iň bolmanda Sowet döwründäki düzgüni dikeltse, ýaşlara uly kömek bolardy».

A.Welsapar ýaşlary iş bilen üpjün etmekde hökümetiň öňünde anyk wezipeleriň durýandygyny aýdýar: “Bir ýyl öňünden ýokary okuw jaýlaryny bitirýän ýaşlaryň nirä işe iberiljekdiginiň aladasyny etmeli. Ýaşlaryň baryp işlejek ýeri bilen ylalaşyp, olar üçin iş ýerlerini taýýarlamaly. Bu işlere döwletiň özi gözegçilik etmeli”.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, şu ýyl Halkara türkmen-türk uniwersitetini 216 student, Türkmen Döwlet Pedagogik institutyny 170 student tamamlaýar.

Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryny bitirýän ýaşlara institutyň özünden işe ýerleşmäge ýollanma berilýär. Şol ýollanma arkaly ýaşlar işe ýerleşýärler.

Goňşularda ýagdaý elhal...

Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň professional bilim boýunça bölüminiň başlygy Abdumannop Joldaşewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, döwletiň kararyna laýyklykda ýokary okuw jaýlarynda döwlet býujeti esasynda bilim alan ýaşlar hökman öz hünäri boýunça işe ýerleşdirilýärler. Beýlekilerine öz islän ýerinde işlemäge mümkinçilik berilýär. Olar konkurs, ýagny bäsdeşlik esasynda işe ýerleşýärler.

Joldaşewiň sözlerine görä, her ýyl Gyrgyzystanda 20-25 müň çemesi student ýokary okuw jaýyny tamamlaýar. Şolaryň bäşden bir bölegi hökman işe ýerleşdirilýär we olar iki ýyl işlänlerinden soň, diplom alýarlar.

Gyrgyzystanda ýaşlardan bäsdeşlik esasynda daşary ýurtlara gidip işleýänleri-de az dal. Gyrgyzystanda kontrakt esasynda okamak üçin okuw jaýyna, haýsy okuw jaýynda okaýandygyňa baglylykda, ýylyna 300 amerikan dollaryndan bir ýarym müň amerikan dollaryna çenli töleg tölemeli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG