Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Türkiýeden ötünç soramakçy däl


Türk raýatlarynyň ölümi üçin Ysraýyl Türkiýeden ötünç soramakçy däl. Olar deňiz içinden Gaza sektoryndagy gabawy böwsüp geçmekçi bolanlarynda, 31-nji maýda Ysraýyl harbylarynyň operasiýasy netijesinde heläk bolupdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu hökümet ol ölenlere gynanç bildirýär, ýöne harbylaryň hereketi üçin ötünç soramakçy däl diýdi. Sebäbi olar öz janlaryny gorapdyrlar.

Şol wagtyň özünde Netanýahu Türkiýe bilen dartgynlygy artdyrmakdan gaça durýandygyny-da aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Netanýahu şu hepde öz Kabinetiniň bir agzasynyň Türkiýäniň ýokary derejeli wekili bilen duşuşandygyny tassyklady.
XS
SM
MD
LG