Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan Stalin bilen hoşlaşýar


Goridäki Staliniň heýkeli 25-nji iýunda gije sökülip aýryldy.
Goridäki Staliniň heýkeli 25-nji iýunda gije sökülip aýryldy.

25-nji iýun gijesi Staliniň Gori şäherindäki ýadyrgärligi aýryldy. Ol indi öňküsinden takmynan ýüz metr aňyrda, Staliniň doglan öýüniň gapdalynda gurlan muzeýe geçiriler.

Şäheriň merkezi meýdanynda, ozal Staliniň heýkeliniň duran ýerinde hem häkimiýetler rus we sowet agressiýasy zerarly pida bolanlaryň hatyrasyna ýadygärlik gurmakçy.

Ýadygärlikleriň üýtgedilmegi haýsy hem bolsa bir düýpli syýasy özgerişiň alamaty hasaplanýar. Gürjüstanda hem bu özgeriş bir tarapdan kommunistik režimiň ret edilmegi bolsa, bir tarapdan-da, ýurduň öz milli garaşsyzlygyny goraýanlygy diýip häsiýetlendirilýär.

Staliniň ýakyn ýoldaşy Sergo Orjonikidzäniň ýadygärligi mundan 20 ýyl öň ýykylypdy. Gürjüleriň aglabasy oňa watany basylyp alnanda, duşmana kömek eden dönük hökmünde garaýar.

Şondan az salym soň Leniniň heýkeli gürüm-jürüm boldy. Ýöne Gürjüstanyň öňündäki günäsi Orjonikidzäniňkiden az bolmadyk Stalin welin, şondan soňam Goride galdy.

Staliniň Gürjüstanyň depesinden sowulman gelýän kulty kommunistik sistema ýapyşylýandygynyň alamaty däl, ol milli guwanç. Taryhda ondan güýçli gürji ýok. Onuň öňünde tutuş dünýä sandyrady, aýratyn-da, ondan öň iki asyrlap Gürjüstanda höküm süren millet.

Ýöne indi çyn milletçi hökmünde Gürjüstanyň garaşsyzlygyna wepaly bolmak mümkinçiligi döräp, Stalin milli simwol hökmünde ýatdan çykyp ugrady. Staliniň Gürjüstanyň däl-de, kommunistik sistemanyň, rus imperializminiň gahrymanydygyna düşünýänleriň sany köpeldi.

Simwoliki baglanyşyklar

Staliniň heýkliniň duran ýeri häzirliçe boş.
Simwoliki baglanyşyklar aňsatlyk bilen ölüp gidýän zat däl. Stalin hem köp adamlar, aýratyn-da köne nesil üçin bir hormatly şahsyýet bolup galdy. Ýeke bu hem däl, ol Gori şäherinde ýerli watançylygyň alamatyna öwrüldi.

Prezident Mihail Saakaşwiliniň täze rewolýusion reformaçy hökümetiniň heýkele el urmanlygynyň bir sebäbi şol. “Aý, bir biderek zat üçin halkyň göwnüne degmek nämä gerek?” diýlen bolsa gerek.

Bu meselede başga pikirler hem ýok däldi. Käbir adamlar “Stalin beýle dabaralandyrylyp ýörkä, Gürjüstan demokratik ýewropa ýurdy bolup bilermi?” diýip, özlerine sorag berýärdiler. Staliniň ýadygärligi demokratik Günbataryň bir bölegi bolmaga synanyşýan ýurt üçin ýaraşykly zat däl.

“Heýkel sökülip taşlanmaly” diýen çagyryşlar köp hem bolsa hökümet howlukmady. Köçelerde “Saakaşwili wezipeden çekilmeli” diýip, gygyryşýanlar bardy. Häkimiýetler olaryň Goridäkilere goşulmagyny islemýärdiler.

Maý aýynda hem ýerli saýlawlar geçmelidi. Strategik taýdan möhüm regionda saýlawda ýeňiş gazanmak gerekdi. Saýlawlarda häkimiýet başyndaky partiýa ýeňiş gazanansoň, ýadygärligi aýyrmazlyk üçin bahana galmady.

Iň soňunda gorkular esassyz bolup çykdy. Ýadygärlik aýryldy diýip, uly protest bolmady. Gürjüstan indi Stalinsizem bolsa, hemme ýerde imisalalyk.

Onsoň bu nämäni aňladýar? Iň bärsinden iki zady: birinjisi, Saakaşwiliniň hökümeti özüniň howply diýip pikir edýän zadyny etdi. Bu ol özüne bolan ynamyny täzeden dikeltdi diýildigi. Onuň indi iliň halamaýan, ýöne zerur zatlara hem ýürek etmegi mümkin; ikinjiden, Gürjüstan indi Stalini gowy görmegiň gerek däldigini bilýär. Şol sebäpden hem onuň indi özüni bir döwlet hökmünde sylamagy mümkin.

Ghia Nodia Ilia adyndaky döwlet uniwersitetinde syýasy ylymlar boýunça professor. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG