Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Bagdatda gepleşikler geçirdi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden ýekşenbe güni Bagdatda Yragyň liderleri bilen gepleşikler geçirdi.

Baýdeniň premýer-ministr Nury al-Maliki hem öňki premýer-ministr Aýýad Allawi bilen geçiren gepleşiklerinde Yragyň täze hökümetini düzmegiň perspektiwalary maslahatlaşyldy.

Allawiniň we al-Malikiniň ýolbaşçylyk edýän bloklary 7-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda başky iki orny eýeledi. Ýöne olar şu wagta çenli hökümet düzmegiň şertleri boýunça ylalaşyp bilemýärler.

Saparynyň dowamynda Baýden bir wagtlar Saddam Huseýne degişli bolan Al Fao köşgünde ýerleşýän bazada Yrakda gulluk edýän amerikan harbylary bilen duşuşdy.

Baýden harbylar bilen ABŞ-nyň garaşsyzlyk gününi bilelikde belledi hem olara gulluk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Baýden soňra şeýle diýdi: “Duşmançylyklar hem zorluklar bilen ýüzbe-ýüz bolan Yragyň halky pugta howpsuzlygy, gülläp ösmegi gazanmaga synanyşýar. Bu işde oňa hökümet, jemgyýetdäki toparlaryň ählisi kömek bermeli. ABŞ Yraga ykdysady, syýasy, diplomatik ýardam teklip edýär. Başgaça aýdylanda, diňe harby kömek däl” diýip, Jo Baýden aýtdy.
XS
SM
MD
LG