Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz wakalarynyň köküne ser salsak


Gyrgyzystandaky etniki çaknyşyklarda Kyr-Aryk obasynda ýakylan öýüň ýanynda zenan maşgala çagasy bilen, 16-njy iýun, 2010-njy ýyl.
Gyrgyzystandaky etniki çaknyşyklarda Kyr-Aryk obasynda ýakylan öýüň ýanynda zenan maşgala çagasy bilen, 16-njy iýun, 2010-njy ýyl.

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde turan çaknyşyklar ýatyşyp, 100 müňlerçe maşgala öz ýykylan ýa ot berlen öýlerini gaýtadan dikeltmäge synanyşyp ýör, ýöne 2010-njy ýylyň iýunynda turan konfliktiň sebäpleri we täsirleri baradaky soraglar aradan aýrylyp gidenok.

Birleşen Milletler Guramasy: “Bu çaknyşyklar gurnalan, oňat planlaşdyrylan” diýse, Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri ýurtdan kowlan prezident Kurmanbek Bakyýewiň garyndaşlaryny günäleýär. Olaryň regiondaky dini toparlar bilen dil birikdirip, 27-nji iýuna planlaşdyrylan referendumy başa bardyrmazlyk üçin etniki dartgynlylykdan peýdalanandygyny aýdýar.

Ýöne çaknyşyklara getiren sebäplere, dildüwşüklere, bularyň aňyrsynda kimleriň ýatandygyna üns berip, bu öýke-kinäniň beýle giň gerimli çaknyşyga öwrülmegine getiren struktural şertler gözden salynmaly däl.

Bu öýke-kinä düşünmek üçin ilki ykdysadyýete seretmek gerek. Bakyýewiň prezidentlik döwrüni häsiýetlendiren deňsizlik we korrupsiýa garşy protest bildirip, adamlaryň köçelere dökülmegine getiren zat – hakyky girdejileriň gitdigiçe aşaklamagy boldy.Ykdysady mümkinçilik ýoklugy zerarly 100 müňlerçe adam iş gözläp, çet ýurtlara gitdi.

Çete itilme gorkusy

Ýöne konflikti ýeke ykdysadyýet bilen düşündirip bolanok. Bu ýerde ykdysady taýdan bir çete itilme gorkusyna, gaharyň etniki duşmançylyga öwrülmegine hem seretmek gerek.

Gyrgyzystanyň günorta regionlarynda ýaşaýan özbekler döwlet administrasiýasynda özleriniň işe alynmaýanlygyndan, goşun, polisiýa we howpsuzlyk gulluklarynda sanlarynyň azlygyndan zeýrenýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de gyrgyzlaryň öýke-kinesine düşünmekde esasy faktor bolup durýan oba ýerlerinde gyrgyz ilatynyň öz gününini dolandyryp bilmeýänligi. Bu maşgalalaryň deň ýarysynyň ogul-gyzlary Orsýetde ýa-da ýurduň günorta regionlarynda taryhy we struktural delillere görä, ownuk söwda özbekleriň kontrollyk edýän şäherlerinde günlükçi bolup işleýärler.

Milletçi syýasatçylar, aýratyn-da Bakyýewiň wezipe başyndan kowulmagyna getiren gozgalaňdan soň gyrgyz respublikasynda gyrgyzlaryň ýagdaýy ors, özbek ýa dungan goňşularynyňkydan kem bolmaly däl diýen duýgyny güýçlendirdiler.

Ýene bir goşmaça, ol hem döwletiň gowşaklygynyň syýasy çekişmaniň, kanun häkimliginiň köküni gyryp, syýasy maksatlar üçin zorluga daýanmaklyga ýol açanlygy.

“Dartyp al-da, höküm sür”

Biziň aprelden bäri, has dogrusy 2005-nji ýylda Askar Akaýew agdarlaly bäri, görýänimiz syýasy zorlugyň gitdigiçe kadaly ýagdaýa öwrülendigi. Dogrudanam, gazaply hereketler syýasy maksatlary amala aşyrmak üçin ýeke-täk gural bolup görünýär. Bu-da – halk seniň tarapyňa çalýan bolsa, “dartyp al-da, höküm sür” diýen logika. 2005-nji we 2010-njy ýyllarda bolan rewolýusiýalarda göze ilýän syýasy ülňi şu boldy.

27-nji iýunda geçen gyssagly referendumdan bäri Gyrgyzystanyň täze Baş kanuny bar. Bu simwoliki taýdan gaty möhüm bolsa-da, onuň güýji Baş kanuny goraýan institusiýalaryň güýjüne bagly.

Häzir möhüm zat bu intitusiýalary güýçlendirip, çekişmelere, şol sanda öten aý ýüz beren çaknyşyklayň sebäpleri barada hem hemmeleriň gorkman, öz pikirlerini açyk aýtmagyna ýol bermek.

Madeleine Reeves Mançester uniwersitetiniň Sosial-medeni özgerişler boýunça barlag merkeziniň ylmy işgäri. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG