Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ysraýylyň ötünç soramagyna aýak direýär


“31-nji maýda ysraýyl harbylary bilen çaknyşykda wepat bolan türk graždanlary üçin ötünç sorasa, Ysraýyl bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga Türkiýe taýýar” - diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň aýdandygyny türk metbugaty habar berdi.

Ministriň sözlerine görä, tersine sapsa, iki ýurt arasyndaky gatnaşyklar kesiler.

Muňa jogap hökmünde ysraýyl hökümetiniň wekili Igal Palmor “özüni gorany üçin Ysraýyl ötünç soramakçy däl” diýdi.

31-nji maýda ysraýyl harbylary Gazanyň kenarynda üsti gumanitar ýükli türk gämisini saklady. Gäminiň üstünde bolan çyknyşykda Palestina tarapdar aktiwistlerden dokuz adam heläk boldy. Olar esasan Türkiýäniň graždanlarydy.
XS
SM
MD
LG