Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Orsýetiň goňşularyna saparyny tamamlady


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Birleşen Ştatlar özüniň regiondaky kiçiräk hyzmatdaşlaryny taşlaman, Moskwa bilen dostluk gurup biler diýen pikiri tassyklady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Birleşen Ştatlar özüniň regiondaky kiçiräk hyzmatdaşlaryny taşlaman, Moskwa bilen dostluk gurup biler diýen pikiri tassyklady.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary Hillary Klinton Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaza eden bäş günlük saparyny tamamlady.

Bu sapardan maksat Ukraina, Polşa, Azerbaýjan, Ermenistan we Gürjüstana arkýynlyk bermek, “Orsýet bilen gatnaşyklarymyzy gowulandyrsak-da, sizi ýatdan çykaramzok” diýmekdi.

Klinton Ukrainada: “Biz ukrainalylar gelejege tarap ugruny özi kesgitlemeli diýen pikirde. Bu işde Birleşen Ştatlaryň dostlugyna we goldawyna bil baglap bilersiňiz” diýdi.

Ol ondan iki gün soň hem Azerbaýjana bardy. “Birleşen Ştatlar size kömek etmegi özüne borç edinýär. Siziň ildeşleriňiz abadan, garaşsyz, demokratik we özbaşdak Azerbaýjany gurýarlar” diýip, Klinton ol ýerde aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet Sekretary saparyny Gürjüstanda tamamlanda hem: “Birleşen Ştatlar gürji hökümetiniň içinde hem daşynda demokratik institusiýalary we prosesi güýçlendirmek boýunça edilýän tagallalarda öz hyzmatdaşlaryna elden gelen kömegini eder” diýdi.

Baran ýurdunda goldaw bermegi gaýtalamak bilen Klinton Birleşen Ştatlar özüniň regiondaky kiçiräk hyzmatdaşlaryny taşlaman, Moskwa bilen dostluk gurup biler diýen pikiri tassyklady.

Deňagramlygy saklamak kyn

Ýöne deňagramlygy saklamak aňsat däl. Hanym Klintonyň Orsýetiň Günorta Osetiýa we Abhaziýany “eýelemegini” ýiti tankytlamagy, şeýle hem raketadan goranyş sistemasy barada Polşanyň resmileri bilen bir ylalaşyga gol çekişmegi Moskwany gaharlandyrdy.

Orsýetiň Daşary işleri ministrligi 6-njy iýulda bir beýannama çykaryp, Birleşen Ştatlaryň raketadan goranyş sistemasyny “esassyz” diýip atlandyrdy. Emma Waşington öz ýewropaly ýaranlaryny Eýranyň raketlaryndan goramak üçin bu sistemanyň gerekdigini aýdyp gelýär.

5-njy iýulda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin 2008-nj ýylyň awgustynda turan uruşda Günorta Osetiýanyň “azatlyga çykarylmagynda” öz ýurdunyň oýnan roluny gorady. Ol şeýle hem ikitaraplaýyn tema barada daşardan kömek gözleýärler diýip, gürji resmilerini tankytlady.

“Käbir adamlar eýelenen diýip garaýar, beýlekiler hem azat edilen diýýär. Bu gürji halky bilen Günorta Osetiýanyň halkynyň arasynda gitmeli dialogyň temasy. 3-nji taraplara ýüz tutman bu dialoga olar başlamaly” diýip, Putin aýtdy.

Moskwanyň gatnaşyklary

Ýöne bu gürrüňlere garamazdan öten ýyl Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar gowulandy. Moskwanyň öňki ýaranlary bilen bolan gatnaşyklary-da şeýle.

Üstümizdäki ýyl Ukrainada hem Moskwanyň tarapyny çalýan Wiktor Ýanukowiç prezidentlige saýlandy.

Türkiýe bilen Ermenistany ýaraşdyrmak baradaky tagallalary sebäpli Birleşen Ştatlardan sowan Azerbaýjan hem indi Moskwa ýakynlyk edýär.
XS
SM
MD
LG