Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häzirki režimiň şertlerinde hususy neşir


Eger G.Berdimuhamedowyň köp teklipleri, köp inisiatiwalary tiz hem durmuşda hakykatdan-da amala aşyrylsa, ol türkmen propagandasynyň “Täze galkynyş” diýýänine uly derejede bap gelerdi.

Prezident tarapyndan öňe sürlen şol teklipleriň biri - ýurtda hususy gazet-žurnallary döretmek meselesidir. Bu barasynda Berdimuhamedow geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanan hökümet maslahatynda aýtdy.

Bu meseläni birinji gezek gozgamaýandygyny, emma şol işi amala aşyrmaga hiç kimiň isleg bildirmändigini prezident boýun aldy.

Dolandyryşyň ýokary gatlaklarynda bu işiň uly töwekgelçilik bilen utgaşyp gidýändigine düşünip, häzirki režimiň şertlerinde bular ýaly işiň jogapkärçiligini üstüne almaga hiç kim özünde gaýrat tapmaýar. Çap edilýän neşirleriň jogapkärçiligi ýaly artykmaç kelleagyry kime gerek?

Ilkinji pida

Türkmenistanda häzirlikçe gazet-žurnal döretmäge döwtalap adamlaryň ýokdugyna göz ýetirip, prezident, belki, bu eksperimentiň ilkinji pidasyna belledi. Şol pida senagatçylar we telekeçiler birleşmesi. Prezident öz neşirini döredip, başgalara görelde bolmaga şol birleşmäni borçly etdi.

Hususy gazet-žurnallary döretmek ideýasynyň özi aslyýetinde gowy netijelere getirjek oňyn ideýa. Ol ozaly bilen neşirleriň arasynda bäsdeşligi güýçlendirerdi. Eger ýagdaýlar täze senari boýunça össe, döwlete degişli gazet-žurnallar gaty tiz wagtyň içinde özüniň ýurtda jedelsiz hem ýeke-täk habar serişdesi däldigini duýardy. Maglumat bolçulygy dörärdi.

Maglumatyň gözegçilik astynda, döwlet tarapyndan çäklendirilýän ýurdy bolan Türkmenistanda merkeziň ýa ýokarynyň görkezmelerini kemeltjek islendik ädim häzirki maglumat režimi bilen bagly ýagdaýy biraz ýumşadyp bilerdi.

Şertler ýaňlandy

Dogrusy, çap edilýän neşirleriň sanynyň artmagy maglumat bazaranyň liberallaşjakdygyny, açyk boljakdygyny aňlatmaýar. Sebäbi senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň özi berkden-berk gözegçilik astynda. Şol birleşme tarapyndan gurnalan neşiriň awtomatik ýagdaýda umumy ideologik talaplaryň goýýan ýa kesgitlän şertlerine tabyn boljagyny çaklamak bolar.

Şol şertler eýýäm prezidentiň öz dilinden ýaňlandy. Ol geljekki neşiriň nähiliräk bolmalydygyny mälim etdi. Ol, hususan-da, şol neşirde “telekeçilik pudagyndaky üstünlikler hem oňyn tejribeler barasynda makalalar çap edip bolar” diýdi.

Ýöne örän bir möhüm pursatyň asla gürrüňi ýok, ondan sowlup geçýärler: näme üçin diňe gowy, oňyn tejribeler? Ýaramaz tejribeleriňem gürrüň edilse, ol telekeçiler üçin peýdaly bolmazmy?

Bir zat belli…

Hiç bir zada seretmezden, prezidentiň ýurtda neşirler bazaryny giňeltmek baradaky çagyryşy neşirleriň üstünden ideologik gözegçiligi, merkeze garaşlylygy azaltmaga ýardam edip bilerdi. Eger ol köpçülikleýin häsiýete eýe bolsa has-da gowy.

Ýöne bir zat belli: teklipler, inisiatiwalar öz-özünden aşakdan döremeýär. Olary häzirlikçe prezidentiň özi belleýär, özi kesgitleýär.

Dolandyryşyň ýokary gatlagynda täze dörejek neşirleriň üstünden ideologik edaralaryň öz gözegçilik mümkinçiligini elden bermejegine, sypdyrmajagyna gowy düşünýärler. Şunuň bilen bagly täze neşirler diňe prezidentiň hut özüniň goragynda bolan ýagdaýynda, ol işini, ýaşaýşyny dowam etdirip biler.

Eger şol gorag döwlet baştutanynyň saýasy bolmasa, indiki hususy diýilýän neşirlerem resmi propagandanyň bir guraly bolar. Şu ýerde bir kadadan çykma bar: şol propaganda döwletiň däl-de, hususy serişdeleriň hasabyna amal ediler.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG