Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gadagan edilen sungaty” gurnaýjylar günälenýär


Sungat boýunça ekspert Andreý Ýerofeýew Moskwanyň Taganskiý raýon sudunyň ýanynda, 12-nji iýul.
Sungat boýunça ekspert Andreý Ýerofeýew Moskwanyň Taganskiý raýon sudunyň ýanynda, 12-nji iýul.

Hepdäniň duşenbe güni Moskwanyň raýon sudy 2007-nji ýylda Moskwada sergi gurnan iki sany sungat işgärini dini çydamsyzlygy öjükdirmekde günäli tapdy. Käbir kritikler bu sungat işgärleriniň gurnan şol sergisini hristiançylyga garşy gurnalan prowokasiýa hökmünde häsiýetlendiripdiler.

Sud bu sergini gurnaýjylaryň, ýagny, sungat boýunça ekspert Andreý Ýerofeýew bilen ozalky muzeý direktory Ýuriý Samodurowyň her biriniň jerime tölemelidikleri barada höküm çykardy.

2007-nji ýylda gurnalan şol sergide dini tema degişli käbir suratlar belli bir dawalara sebäp bolupdy. Hususan-da, ol sergide Isa pygamberiň kellesiniň ýerine Miki Mausyň kellesi ýerleşdirilen surat ýa-da Rus Prawoslaw kelisesiniň ikonasynyň içi gara işbil bilen doldurylan görnüşde çekilen suratlar ýaly sergi eksponatlary käbir adamlar tarapyndan dini kemsitme hökmünde kabul edilipdi.

Duşenbe güni Moskwanyň Taganskiý raýonynyň ýerli sudy Andreý Ýerofeýew bilen Ýuriý Samodurowy «ýigrenje meçew beriji iş edenlikde» günäli tapdy.

Orsýetiň Jenaýat Kodeksinde şuňa meňzeş kanun bozmalar üçin 3 ýyla çenli türme tussaglygy hem göz öňünde tutulýar. Ýöne sud bu aýyplanýanlara birnäçe müň dollar pul jerimesini tölemek barada temmi bermek bilen çäklendi.

Andreý Ýerofeýew bilen Ýuriý Samodurow özlerine garşy gozgalan jenaýat işini syýasy matlaplara esaslanýan iş diýip hasaplaýarlar we özlerine garşy sülçüleriň degerli delil getirip bilmändiklerini aýdýarlar.

Aýyplanýanlaryň aklawçysy Anna Stawitskaýa suduň çykaran hökümini öz müşderilerinde degerli günäniň ýokdugyny görkezýän subutnama hökmünde kabul edendigini, ýöne, barybir, suduň häzirki hökümine garşy şikaýat suduna ýüz tutmakçydygyny aýtdy.

Nämäniň alamaty?

Käbir synçylar sungat işgärlerine garşy Moskwanyň sudunyň çykaran bu höküminiň agyr jeza däldigine garamazdan, barybir, bu wakanyň dünýewi intelligensiýanyň wekillerine garşy göreşde Orsýetiň dini milletçileriniň üstün çykmasy hökmünde alamatlanandygyny aýdýarlar.

Özüne garşy suduň çykaran höküminiň yzy bilen eden çykyşynda dünýä belli Tretýakow galereýasynyň ozalky kuratory Andreý Ýerofeýew şular ýaly wakalaryň netijesinde gaýta Orsýetiň sungatynyň has-da berkejekdigini, emma, beýleki tarapdan, jemgyýetiň kynçylyk çekjekdigini belledi.

Ol, hususan-da, bu barada şeýle diýdi: «Sebäbi indi her bir adam öz sungat işini 10 gezek barlatmaly bolar we dini patriarhlyga gatnap, öz işlerini sergä çykaryp biljekdigi ýa bilmejekdigi barada rugsat soramaly bolar. Indi biziň sergilerimiz kem-kem ýuwanlaşar. Ýöne bu döwlete degişli galereýalar babatda şeýle bolar. Emma hususy galereýalar babatda aýdylanda ýa-da, aýdaly, hökümetde uly goraglary bar bolan ‘Garaž’ sergiler zaly ýaly galereýalar babatda aýdylanda, elbetde, olarda erkinlik ozalkysy ýaly saklanar».

Andreý Ýerofeýew bilen Ýuriý Samodurowa garşy jenaýat işi 2008-nji ýylda Orsýetiň aşa milletçi prawoslaw topary bolan «Narodnyý sobor» atly toparynyň suda ýüz tutmagy netijesinde gozgalypdy.

Ýöne bu toparyň Andreý Ýerofeýew bilen Ýuriý Samodurowy hristian dinini kemsidenlikde aýyplandygyna garamazdan, 2007-nji ýylda «Gadagan edilen sungat» ady bilen gurnalan ol sergi diňe bir hristiançylyk bilen baglanyşykly temalary däl-de, eýsem, musulmançylyk we Orsýetiň harby armiýasy ýaly temalary hem öz içine alypdy.

Käbir synçylar bu sergini gurnaýjylara garşy suduň çykaran kararynyň Orsýetiň Prawoslaw kelisesi bilen häzirkizaman sungatynyň arasynda kem-kem güýç alýan konfrontasiýa oduny has-da ölçerendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG