Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

NATO: Günbataryň Owganystana goldawy gowşadylmaly däl


NATO-nyň başlygy Anders Fog Rasmussen şu gün «Daily Telegraph» gazetine beren interwýusynda eger Günbataryň syýasy goldawy gowşasa, Talyban halkara güýçlerine garşy hüjümini artdyrar diýdi.

Ramussen Owganystandaky tagallalary esger bilen goldaýan ýurtlara öz goşunlaryny ol ýerde näçe gerek bolsa, şonça-da uzak saklamaga çagyrdy.

Rasmussen bu beýanaty duşenbe güni Londonda Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen duşuşandan soň etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG