Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň we Polşanyň Adalat ministrlikleri hyzmatdaşlyk eder


Orsýetiň we Polşanyň Adalat ministrleri öz edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar. Aleksandr Konowalow hem Kşiştof Kwýatkowskiý Peterburgda gepleşikler geçirdi.

“Polýak prezidentiniň Smolenskiniň eteginde heläkçilige uçramagy boýunça işi derňemek oktýabr aýyna çenli uzaldyldy” diýip, Konowalow žurnalistlere aýtdy.

Kwýatkowskiý Orsýetiň Baş prokuraturasyna ýüz tutandygyny hem ozaly bilen jesetleriň barlagy baradaky protokollary polýak tarapyna bermegi sorandygyny aýtdy. Ol bu işiň wagt talap edýändigini-de belledi.

Şu ýylyň 10-njy aprelinde Smolenskiniň eteginde bolan uçar heläkçiliginde jemi 96 adam, şol sanda Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiý heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG