Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “Orsýet intellektual emlägi goramakda tagalla etmeli”


Orsýet Dünýä söwda guramasyna girmek üçin intellektual emlägi goramakda uly tagallalar etmeli hem galp, elde ýasalan harytlaryň önümçiligine we söwdasyna garşy göreşi güýçlendirmeli diýip, intellektual emlägi goramak meseleleri boýunça Amerikan administrasiýasynyň wekili Wiktoriýa Espinel Kongresde bolan diňlenişikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Orsýetde amerikan filmleriniň we sazlarynyň gizlin ýaýradylyşyna ABŞ Moskwanyň ünsüni öňem ençeme gezek çekipdi.

Orsýetiň Dünýä söwda guramasyna girmegine päsgelçilik döredýän ikitaraplaýyn problemalaryň ählisini sentýabr aýynyň ahyryna çenli çözmegi ABŞ-nyň we Orsýetiň prezidentleri mundan öň ylalaşypdylar.
XS
SM
MD
LG