Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düýn Bagdatda üç adam ölüp, 15-si ýaralandy


Düýn Bagdatda raketa okuna tutulmagy netijesinde üç adam heläk boldy hem kontrakt esasynda amerikan hökümetine işlýän howpsuzlyk gullugynyň işgärlerinden 15 adam ýaralandy.

Ölenler Ugandanyň we Perunyň graždanlary.

Yrak paýtagtynyň merkezinde, ilçihanalaryň we hökümet edaralarynyň ýerleşýän ýeri - “Ýaşyl zolak” oka tutuldy.

Şeýle-de düýn Yragyň Adalat ministrligi “Al-Kaýyda” bilen aragatnaşykda güman edilýän dört adamyň türmeden gaçandygyny habar berdi. Olar Bagdadyň etegindäki derňew izolýatoryndan gaçypdyr.

Tussaghanany bary-ýogy bir hepde mundan öň amerikan harbylary yrak häkimiýetlerine tabşyrypdy.
XS
SM
MD
LG