Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýaşyl aktiwistlerden ýedisi tussag edildi


Anna güni Orsýetiň milisiýasy Moskwanyň etgindäki Himki raýonynda ýol gurluşygy üçin tokaýlygyň çapylmagyna garşy çykyş eden aktiwistlerden azyndan ýedisini tussag etdi.

Tebigaty goraýjy aktiwistler Himkiniň töwereklerindäki tokaýlyklaryň ýok edilmeginiň bu ýerin tebigatyna öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirjekdigini aýdýarlar.

Öz gezeginde, ýerli häkimiýetler tokaýlyk zonalaryň üsti bilen çekiljek uly transport ýolunyň Moskwa bilen Sankt-Peterburg şäheriniň arasyndaky transport gatnawlarynyň düýpli gowulanmagyna ýardam etjekdigini öňe sürýärler.

Bu gürrüňi edilýän ýol gurluşyk proýektiniň umumy bahasy 8 milliard dollar töweregi.
XS
SM
MD
LG