Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow hökümet maslahatyny geçirdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda nobatdaky hökümet maslahatyny geçirdi.

Bu maslahatda wise-premýerler öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň ýagdaýlary barada ýörite hasabat bilen çykyş etdiler.

Olaryň hatarynda çykyş eden wise-premýer M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň 18-20-nji awgust günleri Türkmenistanyň «Awaza» turistik zonasynda geçiriljek estrada aýdym-sazlarynyň halkara festiwalyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Wise-premýer T.Japarow bolsa, oba ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada prezidentiň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada çykyş edip, sözüniň soňunda «Gallup» halkara barlaglar merkeziniň ýakynda adamlaryň özlerini bagtly duýuşlarynyň derejesi boýunça Türkmenistanyň 18-nji orunda durýandygy barada çap eden hasabaty dogrusynda-da durup geçdi.

Ýöne T.Japarow muny adamlaryň özlerini bagtly duýuşlarynyň derejesi boýunça däl-de, adamlaryň ýaşaýyşlarynyň derejesi boýunça Türkmenistana berlen baha hökmünde düşündirdi.
XS
SM
MD
LG