Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat - Tähran hyzmatdaşlygy gün tertibinde


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda duşuşýar, 15-nji iýun, 2007-nji ýyl.
Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda duşuşýar, 15-nji iýun, 2007-nji ýyl.

24-nji iýulda Tähranda Eýranyň daşary işler ministri Manuçer Mottaki bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Goňşy ýurtlaryň resmileriniň arasynda dünýädäki we regiondaky ýagdaý, şeýle-de köptaraplaýyn türkmen-eýran gatnaşyklary maslahat edilip, ikitaraplaýyn ykdysady hem energiýa hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy.

Tährandaky gepleşiklerde Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyň komissiýasynyň çäginde gelnen ylalaşyklara we olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine syn etdiler diýip, Eýranyň “Fars news” agentligi habar berýär.

Türkmen metbugatynda Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasynyň Eýran tarapy bilen Tährandaky gepleşikleriniň nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanjakdygy öňünden habar berlipdi.

23-nji iýulda G.Berdimuhamedow energiýa ugrundan halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň energiýa taýdan köpugurlylygyna gyzyklanma bildirýän ähli taraplar, şol sanda Eýran bilen hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirýänligini mälim edipdi.

Transport we energiýa

Soňky döwürde Eýranyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni taýdan gatnaşyklaryny güýçlendirmek ugrunda tagalla edýänligi, Ahmadinejadyň 2010-njy ýylyň başynda Türkmenistana eden saparynyň netijesinde täze ykdysady proýektlere bat berlenligi “Fars news” agentliginiň habarynda bellendi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda alnyp barylýan iri proýektleriň biri uzynlygy 900 kilometrlik Üzgen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen halkara demirýolunyň gurluşygydyr.

Gazagyztandan başlanyp, Türkmenistanyň Garagum çölüniň giňişlikleriniň üstünden Eýranyň Gülüstan welaýatyna çekilýän demirýoluň 284 kilometriniň gurlanlygy iýun aýynda Türkmenistan tarapyndan yglan edildi.

Bu halkara demirýoly Türkmenistanyň üstünden geçýän ýolagçy we ýük gatnawynyň möçberini artdyrmaga we içerki transport çykdajylary çäklendirmäge, şeýle-de täze demirýolyň gyrasyndaky regionlaryň ösüşine itergi berer diýlip, resmi maglumatlarda nygtalýar.

Emma bu goňşy ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň işjeň ugry energiýa hyzmatdaşlygy bolup durýar. 16-njy iýunda Türkmenistandan Eýrana goşmaça mukdarda gaz akdyrmak boýunça ylalaşyga hem gol çekildi.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasynda öňden bar bolan ylalaşyga gol çekilen goşmaça ylalaşyga laýyklykda, ýakynda gurlup işe girizilen Döwletabat-Saragt-Hangeran gaz eksport ýoly arkaly Eýrana goşmaça mukdarda türkmen gazy akdyrylar diýip, türkmen metbugatynda habar berlipdi.

Ykdysady gatnaşyklaryň syýasy tarapy

Regional bilermenler Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygynyň ykdysady bähbitlerden daşgary, ýurtlaryň regiondaky we dünýä derejesindäki syýasy agramyny güýçlendirmek maksatlaryna hem hyzmat edýänligini belleýärler.

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýanyň pikirine görä, halkara derejesinde adam hukuklary boýunça tankyt edilýän Aşgabat we ýadro programmasy üçin ýazgarylýan Tähran özara hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegini halkara sahnasynda syýasy we ykdysady gural hökmünde ulanmaga ukyply.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Saýed Muhammad Musa Hasşemi Golpaýegani iki ýurduň regional we halkara meseleleri boýunça nukdaýnazarlarynyň ýakyndygyny bellemek bilen, dünýäde ýaragsyzlanmak we regional howpsuzlyk boýunça meňzeş garaýyşlary mälim edýänliklerini “Fars news” agentligi aýtdy.

Iki ýurduň baş diplomatlarynyň 24-nji iýulda Tähranda bolan duşuşygynda ýadrosyzlanmak barada 18-19-njy aprelde Tähranda hem-de Merkezi Aziýa we Hazar regionlarynyň ýaragsyzlanmagy boýunça 24-nji iýunda Aşgbatda geçirilen konferensiýalarda gelnen kararlaryň durmuşa geçirilişine hem syn edildi diýlip, habar berilýär.

Köpugurly gatnaşyk

Tährandaky türkmen-eýran gepleşiklerinde taraplaryň arasynda syýasy we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hem maslahat edildi. Emma neşe gaçakçylygyna garşy göreş ýaly regional derejesinde ähmiýeti barha güýçlenýän meseleleriň maslahat edilip-edilmänligi barada maglumat ýok.

Şol bir wagtda-da gepleşikleriň öň ýanynda Türkmenistana Eýrandan aşyrylan neşe maddalarynyň uly mukdary ele salyndy. Türkmenistanyň kanuny goraýjy işgärleri tarapyndan azyndan 230 kilo tirýegiň ele salnanlygy 23-nji iýulda türkmen telewideniýesinde habar berildi.

Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhamet Hanamow öňden bäri ençeme möhüm meseleleriň türkmen-eýran gepleşikleriň gün tertibinden daşda galýanlygyny belläp, eýranly türkmenleriň problemalarynyň we neşä garşy göreş temasynyň şeýle meseleleriň arasyndadygyny aýtdy.

Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, halkara we regional derejede gitdigiçe has köp üns berilýän neşe gaçakçylygy problemasyny regionyň döwletleri bilen gepleşiklerinde türkmen hökümetiniň ýokary derejede gozgamagy örän zerur.
XS
SM
MD
LG