Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur futbolçy Maradona tälimçilikden gidýär


Dünýä belli argentinaly futbolçy Diýego Maradona öz ýurdunyň ýygyndy komandasynyň baş tälimçisi wezipesinden gider.

Maradonanyň kontraktynyň möhleti hepdäniň şenbe güni tamamlanýar, ýöne ol uzaldylmaz, çünki onuň goýan şertleri kabul ederlik däl diýip, düýn Argentinynyň futbol bileleşigi habar berdi.

Maradona komandanyň tutuş tälimçiler hem tehniki işgärler düzümini dolulygyna saklamagy talap edýär. Emma Argentinynyň futbol bileleşiginiň baştutany Hulio Grondon bilen gepleşikler şowsuz tamamlandy. Taraplar teswirlemeden saklanýarlar.

Argentinanyň milli futbol komandasyna wagtlaýynça Serhio Batista baştutanlyk eder. Ol Argentinanyň ýetginjekler komandasynyň tälimçisidir.
XS
SM
MD
LG