Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ölüme höküm edilen aýalyň aklawçysy ýitdi


Eýranda daşlap öldürmek jezasyna höküm edilen aýalyň aklawçysy ýitirim boldy.

Adam hukuklaryny goraýan Amnesty International guramasynyň maglumatyna görä, Mohammed Mostafaýy şenbe güni Eýranyň Ewin türmesine soraga çagyrylypdyr, soragdan soň goýberlipdir. Yzyndanam ýitirim bolupdyr.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, aklawçynyň aýaly hem dogany saklanypdyr, ýöne olar öz aklawçysy bilen duşuşmakdan ýüz öwrüpdir.

Goraýan aýaly bilen bagly ýagdaýy dünýä ýaýratmakda Mostafaýynyň elde baryny edendigini Amnesty International guramasy belleýär.

Netijede, Eýran häkimiýetleri ýakynda ölüme höküm edilen Sakine Mohammadi Aştaýynyň daşlanmajakdygyny aýtdy, emma oňa ölüm howpy öňküsi ýaly abanýar.
XS
SM
MD
LG