Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýa we Rumyniýa syganlary getirmegiň aladasynda


Bolgariýanyň içeri işler ministri Swetan Swetanow öz ýurdunyň Rumyniýa bilen bilelikde kanuny bozany üçin Fransiýadan çykaryljak syganlaryň getirilmegi üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

Fransuz hökümeti çarşenbe güni üç aýyň dowamynda bikanun ýurtda bolýan sygan toparlarynyň ählisini çykarjakdygyny duýdurdy.

Hökümetiň bu ädimini fransuz oppozisionerleri we adam hukuklaryny goraýjylary “ksenofobiýa” we “rasizm” diýip atlandyrdylar.

Şol bir wagtda-da fransuz hökümeti Rumyniýanyň häkimiýetlerini sosial durmuşa syganlaryň girişmesi boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyzlykda aýyplady.

Öz tarapyndan Rumyniýanyň premýer- ministri Emil Bok Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň syganlar bilen bagly bilelikdäki borçlarynyň bardygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, syganlar uly kemsidilmä sezewar edilýär.
XS
SM
MD
LG