H.Saparlyýewiň hasabatyna laýyklykda şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sine 5445 sany talyby kabul etmegiň bellenendigi mälim edildi.
Mundan başga-da H.Saparlyýew şu ýyl türkmen ýaşlarynyň 2806-synyň daşary ýurtlara ýokary bilim almaga ugradyljakdygyny hem habar berdi.
Resminamalaryny tabşyran talyplyga dalaşgärler 2-25-nji awgust aralygynda ýokary okuw mekdebine girmek üçin giriş synaglaryny tabşyrarlar.
Daşary ýurtlarda kimler okar?
Näresmi görkezmä laýyklykda, prezidentiň permanlarydyr kararlary bilen bellenen ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň çagalaryna Türkmenistandaky ýokary okuw mekdeplerinde okuwa kabul edilmäge rugsat berilmeýär.
Eýýäm üç ýyl bäri hereket edip gelýän bu düzgün, belli bir derejede, wezipeli kişileriň çagalarynyň ýokary bilim almak babatda beýleki gatlagyň wekilleriniň çagalaryna päsgelçilikleriň azalmagyna ýardam hem bolýar.
Wezipeli kişiler öz çagalaryny bilimsiz goýanoklar. Olaryň çagalary wise-premýer Saparlyýewiň beren hasabatyndaky şol 2806 sany daşary ýurtlara bilim almaga ugradylýan talyplaryň sanawyna goşulýar.
Daşary ýurtlara bilim almaga döwlet tarapyndan ugradylýan türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň bilim derejesiniň ol ýeriniň ýokary okuw mekdebiniň talaplaryny garanyňda juda pesdigi aýdylýar. Munuň özi ýurduň orta mekdeplerinde ýaşlara berilýän bilimiň derejesiniň pesdigi bilen düşündirilýär.
Harby instituta harby gullukdan soň
Şu ýyldan başlap ýurduň Harby institutyna diňe harby gullugy tamamlap gelenler talyplyga kabul edilerler. Bu karar öz çagalaryny dört-bäş ýyllap harby mekdeplerde okadan ene-atalaryň lapyny keç etdi.
Şu çaka çenli harby mekdeplerde bilim alan ýaşlar, mekdebi tamamlandan soň, harby gulluga gitmezden, Harby instituta girmäge hukuklary bardy. Özi hem harby mekdepleri tamamlan okuwçylaryň köpüsi para-peşgeşsiz instituta kabul edilýärdiler.
Çagalarynyň haýsy-da bolsa bir ýokary bilim almagyna kaýyl ene-atalar perzentlerini ýat ýerlere ugradyp, harby mekdeplerde okadýardylar. Olar çagalarynyň harby bilim almagyna-da razydylar. Ýöne şu ýyldan başlap, olar bu arzuwlaryna ýetip bilmezler.
Harby institutyna diňe harby gullugy tamamlap gelenleriň talyplyga kabul edilmelidigi baradaky görkezmäniň berilmegi indiki ýyldan başlap ýurduň harby mekdeplerine ýaşlaryň az mukdarda barmagyna garaşylýar.
Talyplaryň sany
Soňky 20 ýyla golaý döwrüň içinde türkmen ýaşlarynyň mentaliteti düýbünden özgerdi. Patriarhal terbiýelenýän, ýagny «Gyz maşgala okuw gerek däl» diýen düşünjeli maşgalalar Türkmenistanda indi düýbünden diýen ýaly ýitip barýar. Her kim öz gyzynyň-da ýokary bilim alyp, aýlyklyja işde işläriniň höwesinde.
Türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almaga bolan höwesleriniň juda uly bolmagynyň esasy sebäbi olaryň bilimsizlere ýurtda hiç bir düşewüntli käriň, wezipäniň ýokdugyna gözleriniň ýetmegi bilen düşündirilýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine her gezekki kabul edişlikde talyplaryň sanynyň artdyrylýandygy aýdylsa-da, ýokary bilim almaga höwes bildirýän ummasyz ýaşlary hasaba alanyňda, bu san juda az.
Ýurtda tölegli, gijeki, gaýybana ýokary okuw mekdeplerini açmak barada indi iki ýyl bäri yzygiderli agzalyp gelinýän-de bolsa, bu meselede anyk ädimler ädilmeýär.
Her ýyl türkmen mekdeplerini 100 müňden gowrak okuwçy tamamlaýar. Olaryň diňe 5 müňden gowragy ýurduň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýär.
Islendik az zadyň gymmatynyň artýanlygynyň kanuny bolşy ýaly, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmeli talyplaryň sanynyň az bolmagy bu ugurda korrupsiýanyň ösmegine sebäp bolýar.
Eger-de ýurtda tölegli, gijeki, gaýybana ýokary okuw mekdepleri açylyp, olara talyplar köp mukdarda kabul edilse, onda bu sferada korrupsiýanyň öz-özünden ýitip gitjekdigi öňe sürülýär.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.