Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pakistana 10 million dollar kömek ýollaýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň aýtmagyna görä, suw joşmasy bilen bagly heläkçilikden halas bolmagy üçin ABŞ Pakistana ýörite enjamlar we 10 million dollar kömek ýollaýar.

Klintonyň sözlerine görä, ABŞ-nyň Yslamabatdaky Ilçihanasy dikuçarlary, gämileri we başga kömekleri gowşurmak ugrunda tagalla edýär.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky welaýatyň maglumat ministri Miýan Huseýniň düýn aýtmagyna görä, tebigy betbagtçylykda 1100-den gowrak adam öldi we regiondaky güýçli sil 1 million 500 müňden gowrak adama zeper ýetirdi.

Huseýn ahyrynda ölenleriň has köp boljakdygyny we pidalar barada entek doly habar berilmändigini sözüne goşdy.

BMG-niň ynsanperwerlik işleri boýunça koordinator edarasy mundan öň beren maglumatynda suw joşmalarynyň 1100 müň adama zeper ýetirendigini habar beripdi.

Pakistanyň howa maglumatlary baradaky edarasy geljek 24 sagadyň dowamynda köp ýagyşyň ýagjakdygyny çaklaýar.
XS
SM
MD
LG