Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG polisiýasyna garşy protest bildirilýär


ÝHHG-niň polisiýasynyň Gyrgyzystana iberilmegi boýunça proýekte protest bildirilýär, Oş, Gyrgyzystan, 26-njy iýul.
ÝHHG-niň polisiýasynyň Gyrgyzystana iberilmegi boýunça proýekte protest bildirilýär, Oş, Gyrgyzystan, 26-njy iýul.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň polisiýa geňeşçiler toparynyň Gyrgyzystana iberilmegi baradaky karar uly syýasy çekişmä, ýagny dawa öwrüldi.

Oş Şäher geňeşiniň deputatlary olary girizmezlik barada karar kabul etdi. Gyrgyzystanyň Oş we Jalalabat welaýatlarynda, merkezi Bişkek şäherinde närazylyk aksiýalary dowam edýär.

“Paralamentçiler korrupsiýa garşy” programmasynyň başlygy Kuban Ömüraliýew Halkara polisiýa güýçleriniň Gyrgyzystana gelmeginiň uly syýasy dawa öwrülmeginiň sebaplerini şeýle düşündirdi: “Hakykatdan hem bu mesele syýasylaşyp gitdi. Käbir syýasaty öwrenijiler muny ýörite syýasy oýna öwürdiler. Bu mesele mundan bir aý öň gozgalypdy. Öňki goranmak ministri Ismaýyl Ishakow muňa garşydygyny wezipesinden çekilmänkä aýtdy. Şondan başga wagtlaýyn hökümetden oňa garşy çykan bolmady”.

Kuban Ömüraliýew Gyrgyzystana geljek polisiýa güýçleriniň näme iş etjekdikleri barasynda ýerli telewideniýe arkaly halka düşündirseler gowy bolardy diýýär. “Şeýle maglumat berilmänsoň, prezidentiň özi Oş şäherinde ýaşlar bilen duşuşanda olara düşündirmeli boldy”.

Synçylar Gyrgyzystanda ilatyň uly böleginiň, şol sanda ýaşlaryň syýasat bilen gyzyklanýandygyny, ÝHHG-niň polisiýa güýçleri bolmadyk ýagdaýynda hem başga bir temany syýasylaşdyryp, syýasy dawa öwrüp biljekdiklerini aýdýarlar. Şolaryň biri gyrgyz paralamentiniň önki deputaty Begaly Nargozuýew.

B.Nargozuýew: “Aprel we iýun wakalaryndan soň, biziň ozalam syýasylaşan halkymyz has-da syýasylaşdy. Patriot ýaşlar hereketine maglumat doly ýetmänsoň, golaýlaşyp gelýän parlament saýlawlaryndan öň bu mesele has syýasylaşdyryldy. Onsoňam biziň jemgyýetimiziň aglaba bölegi Orsýetiň propagandasyny goldaýan adamlardan ybarat. Olaryň göwnünden turmak üçin käbir partiýalar bu meseläni gozgaýarlar. Düşünip-düşünmän, garşy bolýanlar-da köp.” diýýär.

Gyrgyz paralamentiniň önki deputaty Begaly Nargozuýewiň sözlerine görä, soňky döwürde Günbatarda gyrgyzlar barada bir taraply maglumatlar, ýagny gyrgyzlar genosid edýän halk diýen ýaly maglumatlar berilýär. “Eger-de halkara güýçler gelse, Oş wakalarynyň iki taraplaýyn ýüze çykandygy, onuň hakyky sebäpleri anyklanar diýip, umyt edilýär. Ýaragsyz 52 adamdan gorkmaly däl”.

Kosowo bilen deňeşdirilýär

Adamlaryň arasynda Oş wakalaryny Kosowo çaknyşygy bilen deňeşdirýänler we şonuň bilen meňzeşlik gözleýänler hem bar. Düýn prezident Roza Otunbaýewa Gyrgyzystanyň Çeçenistan ýaly bir döwlete öwrülmeginiň mümkindigini aýtdy. Halkara güýçlerini girizmezligi talap edýänler hem şeýle polisiýa güýçleriniň Kosowa girizilendigini aýdýarlar.

Emma K.Ömüraliýew Kosowa ýaragsyz polisiýa güýçleriniň däl-de, harby esgerleriň girizilendigini nygtady: “Onsoňam ol ýerlerde 50-60 esger däl-de, müňläp esgerler bar. Başynda bizde hem Orsýet, beýleki halkara güýçler gelip çaknyşygy togtatsynlar diýilýän pikirler boldy. Urşy biz öz güýjümiz bilen ýatyrdyk. Emma maglumat ýaýratmak babatda biz utuldyk. ÝHHG-ä 56 döwlet agza. Şolaryň her birinden wekiller gelseler, şolaryň üsti bilen hakykaty ýüze çykararys diýen umydymyz bar. Halkara güýçler bilen kömegiň geljekdigini biz ýatdan çykarmaly däl”.

Il arasynda halkara güýçleriň yzy bilen beýleki daşky güýçleriň hem gelip girmegi mümkin diýen howatyrlanma bar. Syýasaty öwreniji K.Ömüraliýew Gyrgyzystana ýaragsyz polisiýa guýçleri gelse, hiç hili zyýanyň ýetmejekdigini aýdýar. “Biziň esgerleimiziň häzirki agyr ýagdaýda nädip işlemelidigi barada iş tejribesiniň azdygy duýulýar. Halkara güýçler masalahat berselere, onuň hiç hili zyýany bolmaz” diýip, K.Ömüraliýew belleýär.

“Bulardan başgada bizde 50 däl-de, 500-e golaý geňeşçi, kömekçiler bar. Biz halkara guramalara agza bolanymyzdan soň, gumanitar kömek geldi. Ynha, donorlar hem Gyrgyzystanyň ykdysadyýetini galdyrmak üçin 1,1 milliard dollar kömek puluny bermäge razyçylyk berdiler. Beýle kömek ýöne ýerden berilmeýär. Mundan biz diňe peýda görýäris. Olaryň yzy bilen daşky güýçler geler diýenlerine biziň halkymyz ýol bermez”

Oşdaky ýagdaýlara boýunça halkara polisiýa güýçleriniň sany ýene-de 50 adam köpeldilmegi we olaryň iş möhletiniň uzaldylmagy mümkin. Şeýle-de halkara güýçleriň wekilleriniň ýerli milisiýa işgärleri hem-de jemgyýetiň dürli toparlarynyň kömegi bilen işleşjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG