Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ türkmen proýektlerine goldaw bildirýär


ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Bakuwdaky metbugat konferensiýasynda çykyş edýär, 2-nji iýun, 2010-njy ýyl.
ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Bakuwdaky metbugat konferensiýasynda çykyş edýär, 2-nji iýun, 2010-njy ýyl.

ABŞ-nyň Ýewraziýanyň energiýa meselesi boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň 1-4 awgust günlerinde Türkmenistana saparynyň dowamynda ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hökümet agzalary bilen geçiren gepleşiklerinde energiýa hyzmatdaşlygy maslahat edildi.

Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýanyň energiýa meselesi boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar uzak möhletleýin gatnaşyklar üçin perspektiw ugur hökmünde ilkinji nobatda energiýa hyzmatdaşlygyny belledi.

Resmi türkmen metbugaty Türkmenistan özüniň köp ugurly energiýa syýasatynyň tarapdarydygyny tassyklady diýip, habar berýär. Türkmenistanyň göz öňünde tutýan iri proýektlerine ABŞ-nyň hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny ilçi R.Morningstar hem mälim etdi.

Prezident G.Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak üçin köp ugurly, giňeldilen we alternatiw marşrutlaryň döredilmegine gyzyklanma bildirýär we bu ugurdan konstruktiw tekliplere garamaga taýýar.

Merkezi Aziýa we Kawkaz institutyndan Swante Korneliň pikiriçe, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýokarlanýar. “Ilkinji nobatda bu ýurduň gazynyň Günbatara eksportyna, tebigy serişdeleriniň eksport ugurlarynyň artdyrylmagyna we ýurduň halkara ykdysadyýetine aralaşmagyna degişli”.

Amerikan kompaniýalary islegli

Ilçi R.Morningstar türkmen prezidenti bilen gepleşiklerden soň eden çykyşynda amerikan kompanýalarynyň Türkmenistanyň gaz önümçiliginden başga proýektler boýunça hem işleşmäge gyzyklanýandygyny mälim edip, käbir kompaniýalaryň deňizdäki proýektleriniň üstünlikli gidýänligini belledi diýip, “Reuters” ýazýar.

Aşgabatda geçirilen sergide "Chevron" kompaniýasynyň burçy, 15-nji aprel, 2010-njy ýyl.
Amerikan resmisi Türkmenistandaky proýektlere gatnaşmagyň ýurduň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylmalydygyna amerikan kompaniýalary düşünýärler diýip, munuň üçin türkmen hökümetiniň we amerikan kompaniýalarynyň özara maslahatlaşyp, ýol tapjagyna umyt bildirdi.

Geçen ýylda Türkmenistanyň iň uly gaz ýatagy bolan Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça proýekte gatnaşmaga isleg bildiren iri amerikan kompaniýalarynyň biri “Chevron” bolupdy. Şeýle hem bu kompaniýanyň wekilleri iýun aýynda türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Emma “Reuters” ilçi R.Morningstaryň göz öňünde tutýan proýektleri we kompaniýalary barada takyk maglumat bermekden saklananlygyny belledi. Aşgabada saparynyň dowamynda ilçi Riçard Morningstaryň Türkmenistanyň Ýewropa tarap gaz akdyrjagyna umyt bildirenligi-de habar berildi.

2009-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýanyň energiýa meselesi boýunça ýörite wekili R. Morningstar 1999-2001-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň ÝB-däki ilçisi bolupdy. Şondan öň ol ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Hazar regionynyň energiýa diplomatiýasy boýunça ýörite geňeşçisidi.

“Nabukko”

Aşgabatda eden çykyşynda R.Morningstar 7-iýunda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda baglaşylan ylalaşygy agzap, ony Hazar regionynyň energiýa serişdeleriniň Ýewropa eksport edilmegi we “Nabukko” proýektiniň durmuşa geçirilmegi ugrunda öňe tarap ädim hökmünde makullady.

"Nabukko" turbalarynyň ýoly (Ulaltmak üçin üstüne basyň)
7-nji iýunda Türkiýäniň paýtagty Ankarada gol çekilen ylalaşyk Azerbaýjanyň Şahdeňiz gaz ýatagynyň özleşdirilmegine, tebigy gazyň Türkiýä eksport edilmegine we Azerbaýjanyň gazynyň Türkýäniň üstünden tranzitine degişli meseleleri öz içine alýar diýlip, habar berildi.

Merkezi Aziýa we Kawkaz regiony boýunça bilermen S.Kornel “Nabukkonyň” durmuşa geçirilmegi iş ýüzünde haýal bolsa-da, öňegidişlik bar diýip, hasap edýär. Emma ekspert proýektiň üstünlikli bolmagynyň belli bir derejede Türkmenistanyň tebigy gazy bilen üpjün edilmegine baglydygyny hem belleýär.

Merkezi Aziýa we Kawkaz institutynyň “Ýüpek ýol” programmasynyň müdiri S.Kornel Türkmenistanyň gazyny öz serhedinde satmak barada yglan edýän syýasatynyň degişli taraplaryň “Nabukko” proýekti boýunça hyzmatdaşlygy bazar prinsiplerine gabat getirmegini kynlaşdyrýanlygyny belledi.

Türkiýeli bilermen, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň professory Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň Günbatar döwletleri bilen özara energiýa hyzmatdaşlygy barada alyp barýan yzygiderli gepleşiklerine, türkmen ýolbaşçylarynyň Günbataryň proýektlerine goşulmaga taýýarlygynyň alamaty hökmünde garaýar.

M.Seýfetdin Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky enetgiýa boýunça gepleşikler baradaky maglumatlaryň çäkliliginiň ýöne ýere däldigini öňe sürýär. Ol munuň sebäbini Türkmenistanyň täze proýektler babatdaky kararlaryna Orsýetiň täsir ýetirmeginden taraplaryň howatyrlanmagynda görýär.
XS
SM
MD
LG