Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejadyň janyna kast etmek synanşygy “bolmady”


Eýranda prezident Mahmud Ahmedinejadyň awto kerwenine hüjüm edilendigi baradaky habary Tähran ret etdi.

4-nji awgustda irden prezident Ahmedinejadyň awto kerweniniň golaýynda bombanyň partladylandygy Eýranyň konserwatorlarynyň internet saýtynda aýdyldy.

“Kaberonline” internet saýtyndaky bu maglumatda Eýranyň prezidenti Hemedan şäherinde ilatyň öňünde çykyş etmäge baranda oňa hüjüm edilendigi aýdyldy.

Onda prezident Ahmedinejadyň özüne zyýan ýetmän, planlaşdyrylyşy ýaly, onuň köpçüligiň öňünde çykyş edendigi habar berildi.

Al-Arabiýa telekanaly bu waka dahyllylykda aýyplanýanlaryň tussag edilendigini habar berdi.

Liwanyň telewideniýesinde berlen habara görä, şol hüjümde birnäçe adam ýaralanypdyr.

Eýranyň döwlet telewideniýesi bolsa, prezidentiň edarasyna salgylanyp, bu baradaky maglumatlaryň galpdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG