Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iýmit


Hemmämize-de mälim bolşy ýaly, adamyň ýaşaýşy iýmit bilen. Iýmit jana lezzet bermedik ýagdaýynda örän howply hem zyýanly zada öwrülýär.

Iýmit bolçulygyny döretmek adamyň ýaşaýyş üçin iň bir zerur borçlarynyň biri. Bu bolçulygy döretmek kim üçin gazanç çeşmesi, kim üçin borç. Ol borç bolanda-da, nebis bolanda-da, iýmit bilen iş salyşýan adamlarda ilki bilen arassa ýürek bolmaly.

Ýöne, gynansak-da, kä halatlar adamlaryň arasynda şeýle bir nebisjeňleri duşýar, olar artykmaç gazanç etmek üçin ertirki gün öz başlaryna düşjek jogapkärçiligi hem ýatlamaýarlar. Şeýle adamlar aýratyn-da söwdagärleriň arasynda bar. Olar diňe arzan harytlary gözläp, halka her edip-hesip edip satmak üçin hallan atýarlar. Häzir ýurtda çem gelen söwda dükanjygyny açyp, biznes bilen meşgullanýar. Olarda satylýan harytlara hökümet tarapyndan gözegçiligiň ýoklugyny bu söwda dükanlaryndaky harytlaryň häli-şindi zaýa çykýanlygy aýdýar.

Bir gezek...


Aşgabadyň «Daşoguz bazary» diýlen bazarynda hem şeýle söwda dükanjyklarynyň ýüzlerçesi bar. Adamlar işsiz gezenden, goý, söwda bilen meşgullansyn. Ýöne söwda baş goşýan adam ilkinji nobatda alyjyny sylamaly, alyja hormat goýmaly. Şeýtse, onuň özi-de sylagly-hormatly adamlaryň hatarynda boljak. Adamlary aldap baýajak bolmak ahyr bir gün seni belanyň üstünden eltýär

Ine, şol bazardan bir gezek tanşym bir buglanan et aldy (ýagny, sygyr etiniň konserwasy). Onuň daşynda şeýle ýazgylar bar: «OOO. Мир консервов. Россия, 142138, Московский область, Подольский район, д. Троицкое». Konserwanyň gapagyny açanyňdan, aňkap duran ys ony zyňyp goýbermäge mejbur edýär. Bu önümiň taýýarlananyna örän köp wagtyň geçeni bildirýär. Bahasy bir amerikan dollary.

Türkmenistanda şeýle buglanan etleri taýýarlaýan telekeçileriň önümleri barka, näme üçin Moskwa ýaly ýerden şeýle zaýa önümler getirilip, satlyga çykarylýar? Birinjiden, bu ýerde kimdir biriniň bähbidi bolmaly. Sebäbi Moskwa ýaly ýerden haryt getirip söwda etmegi garyp-gasar başarmaýar. Ikinjidenem, bu zaýa harytlar örän arzan bahadan berilýän bolmaly. Gaplanan gabyň içinde nähili iýmitiň baryny alyjy nireden bilsin!

Gözegçilik gerek

Her bazar üçin iýmitleriň hiline gözegçilik etmeli lukmanlar oturýarlar. Ýöne olar ähli satyjylaryň satýan harytlaryny barlap ýörmäge ýaltanýarlar. Şeýle hem satyjylar her gün irden bazaryň gözegçi doktoryna öz satýan harydynyň iň gowusyny eltip, «dadyryp», harydy satmaga rugsat hata gol çekdirip gaýdýar. Ine, şunuň bilenem bazarlarda satylýan harytlaryň hiline gözegçilik işi tamamlanýar.

Dogrusyny aýtsaň, iýmite jogapkärçilik soňky döwürde örän gowşady. Iýmit meselesine degişli şeýle bir kynçylyklar bar, oňa asla çäre tapyp bolmaýar. Tomus aýlarynda türkmen bazarlaryny doldurýan gawun-garpyzlar hem gadym döwürden bäri adamzadyň söýüp iýýän hörekleriniň biri. Emma soňky döwürler ýerleriň şorlaşmagy, gurçuklamagy netijesinde gawun-garpyzlar hem göz gorkuzýan önümlere öwrüldi.

Daýhan her etmeli, hesip etmeli, çagasyny eklemeli. Emma onuň kynçylyk bilen ýetişdirýän gawun-garpyzyny, pomidor-hyýaryny bolsa gurçuklar iýip, zaýalap barýar. Hiç kim kesekiniň aladasyny edenok. Her kim ilkinji nobatda öz çagalaryny eklemegiň aladasynda. Şeýle bolansoň, daýhan özüniň gawun-garpyzly, pomidor-hyýarly pellerine hakyky manysyndaky awyny suw bilen garyp sepip çykýar. Awy satmak gadagan hem bolsa, onuň pul ýasajagyna gözi ýeten adam ony näçe geregem bolsa, tapyp berip bilýär.

Şeýlelikde awynyň güýji bilen gurçukdan halas edilen gawun-garpyzlar bazarlarda adamlaryň iýmitine öwrülýär. Türkmen tomsunyň jöwzasyny ýeňmäge uly kömek edýän gawun-garpyzyň deňinden hiç kim biparh geçmeýär. Emma awy sepilen gawun-garpyzlar adamlaryň durmuşyna-da awy gatýar. Gawun-garpyzdan, iýmitden zäherlenip, ýokanç kesellileriň keselhanasyna düşýänler ýok däl.

Ine, iýmitiň lezzet bolman, görgi bolan halaty başa düşýän aladalar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG