Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki Koreýanyň arasy has hem dartgynlaşýar


Günorta koreýaly resmiler balyk tutmak üçin ulanylýan Seula degişli bir gäminiň Demirgazyk Koreýa tarapyndan basylyp alnandygyny aýtdy.

Bu waka iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem dartgynlaşmagyna sebäp boldy.

Günorta Koreýa şol gäminiň we balykçylaryň Demirgazyk Koreýanyň Sonjin şäherine alnyp gidilendigini we olara Demirgazyk Koreýanyň ykdysady zonasyny bozanlykda aýyplama bildirilýändigini aýtdy.

Emma garaşsyz çeşmeler bu gäminiň hakykatdan hem basylyp alnandygyny henize çenli tassyklamady.
XS
SM
MD
LG