Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Transowgan gazgeçirijisi maslahat edildi


Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň proýekti boýunça maslahat geçirildi.

Göz öňünde tutulýan gazgeçirijiniň tehniki işçi toparynyň Aşgabatda geçirilen maslahatyna proýekte gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň, ýagny Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Resmi maglumatlara görä, maslahatyň maksady Türkmenistandan günorta-gündogar Aziýa döwletlerine uzak möhletleýin gaz akdyrmak boýunça proýketiň gurluşygyny tizleşdirmek ýolundaky tehniki meseleleri çözmekden ybarat.

Maslahata proýekte dahylly ýurtlaryň ekspertleriniň we Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleriniň gatnaşanlygy habar berilýär. Proýekte laýyklykda, Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýatagyndan Owganystanyň we Pakistanyň üstünden Hindistana tarap gazgeçirijini çekmek göz öňünde tutulýar.

Tehniki we ykdysady ugurlary

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, maslahatda proýektiň tehniki we ykdysady ugurlaryna, ýagny proýekte gatnaşýan döwletleriň garamagyna tabşyrmak üçin gazgeçirijiniň gurluşygy we türkmen gazynyň söwdasy boýunça ylalaşyklary taýýarlamak meselelerine garaldy.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň Owganystan we Hindistan bilen ýangyç-energiýa ugrundan hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda gol çekilen memorandumlaryň proýektiň öňe ilerlemegine itergi berenligi nygtaldy.

Germaniýada ýerleşýän “Eurasia Transition Group” analiz merkeziniň müdiri Maýkl Laubş Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde agzalýan proýektiň durmuşa geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlar we gatnaşjak kompaniýalar üçin ykdysady taýdan örän bähbitlidigini belledi.

Emma ekspertiň pikiriçe, proýektiň durmuşa geçirilmegine päsgel berip gelýän meseleler çözülmän galýar, ilkinji nobatda bu Owganystandaky durnuksyzlyga degişli. “Häzirki ýagdaýda proýektiň tehniki we ykdysady taraplarynyň maslahat edilmegi ir” diýip, günbatarly bilermen belledi.

Päsgelçilikler nämelerden ybarat?

Energiýa boýunça halkara bilermenler Türkmenistandan Hindistana tarap çekiljek gazgeçirijiniň gurluşygy boýunça proýektiň öňündäki tehniki we maliýe kynçylyklarynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini belleýärler.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Aždar Gurdowyň pikirine görä, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça dowam edýän gepleşikleriň gidişi taraplaryň tehniki we maliýe taýdan ylalaşmaga taýýarlygyny görkezýär.

“Aziýa kontinentinde, hususan-da Hindistanda, tebigy gaza bolan içerki talaplaryň gitdigiçe güýçlenmegi göz öňünde tutulýan gazgeçiriji proýektiniň ykdysady bähbidini has hem güýçlendirýär” diýip, A.Gurdow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Emma günbatarly analitik M.Laubş Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýekti boýunça gepleşik prosesindäki aktiwlige garamazdan, proýekti durmuşa geçirmekde ýakyn geljekde takyk ädimler ädiler diýip garaşmaýar.

M.Laubş Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň arasynda geçirilýän we ýakyn gejekde geçiriljek maslahtlaryň esasan syýasy häsiýete eýe bolup, ädilmeli indiki ädimleriň maslahat edilmegine gönükdiriljegini öňe sürýär.

Proýektiň üstünligi nämä bagly?

A.Gurdowyň pikirine görä, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan proýektiniň durmuşa geçirilmegi ilkinji nobatda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystandaky syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmak ukybyna bagly bolar.

A.Gurdow “Aşgabatdaky gepleşikler Türkmenistandan Hindistana tarap gaz geçirmek boýunça proýekte gönükdirilen hem bolsa, beýleki halkara proýektleri öňe sürýän taraplara Aşgabadyň öz planlaryny we alternatiw ugurlaryny ösdürmek mümkinçiliklerini duýdurmagyna pursat boldy” diýýär.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen A.Gurdowyň pikirine görä alternatiw ugurlaryň köp bolmagy Türkmenistana tebigy gazyny has gymmat satmaga, halkara gazgeçirijileriniň gurluşygyny bolsa özi üçin has arzan bahadan amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
XS
SM
MD
LG