Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi çykdajylary azaltmakçy


ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts
ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts

Iki urşa köp çykdajy edilýänligi, amerikan hökümetiniň bergileriniň ýokary derejelere ýetendigi hakykat. Amerikanyň goranmak ministri Robert Geýtsiň bu ministrlikde edilýän harajaty ep-esli azaltjakdygyny bildirmegi hem bu hakykata boýun bolmakdan başga zat däl.

Geýtsiň 9-njy awgustda Pentagonyň metbugat konferensiýasynda bu aýdany onuň ýurduň harby harajatyndan 100 milliard dollar tygşytlamak barada beren wadasyna tarap ädilen ilkinji ädim bolup durýar.

“Beýleki işlere gerek”

Geýtsiň aýtmagyna görä, bu pul Goranmak ministrliginiň içinde, mysal üçin, ençeme ýyla çeken uruş sebäpli gowşan güýji dikeltmek, esgerleri geljekki harby operasiýalara taýýarlamak ýaly beýleki işlere gerek.

“Men 1-njy maýda Pentagony Goranmak ministrliginiň işgär bilen üpjün edilişine, guramalaşdyrylyşyna we işlerini alyp barşyna berk seretmeklige çagyrdym. Biziň harby karargählerimiziň, harby we harby däl kömekçi edaralarymyzyň göwrümi artypdyr” diýip, Geýts aýtdy.

Geýts şertnama boýunça işleýänlere aşa garaşly bolup, çykdaja ol diýen ähmiýet bermän işlemeklige öwrenilişipdir diýen netije çykarýar. “Geçen 10 ýyllykda çykdajy we işgärleriň artanlygyny şunuň özi hem görkezýär” diýip, Geýts aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň ýyllyk harby býujeti 700 milliard dollar töweregi. Yrakdaky we Owganystandaky alnyp barylýan harby operasiýalara hem serişde şundan gidýär.

“Barýan uruşlar netijesinde Goranmak mininstrligi täze missiýalary we täze jogapkärlikleri öz üstüne almaly boldy. Täze ýokary derejeli harby we harby däl orunlary döretmeli boldy” diýip, Amerikanyň goranmak ministri Robert Geýts aýtdy.

“Onsoň uruş bilen baglanyşykly talaplary kanagatlandyrmak üçin senator Jon Glenniň 20 ýyl mundan ozal aýdan ýagdaýyna düşdük. Ýokary derejeli adamlaryň edýän zatlaryny pes derejeli işgärler hem jogapkärçilik bilen edip bilýär” diýip, Geýts belledi.

Aňsat däl

Bu tygşytlaýyş planynyň, başa baran ýagdaýynda, has agyr zarba bolup degjek ýeri “Birleşen güýçler bölümi”. Bu bölümiň merkeziniň 2,800 işgäri, 3,000 sany şertnamalaýyn gullukçysy bar. Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, bu merkeze edilýän çykdajy ýylda 250 million dollar töweregi.

Çykdajylar kesilse, köp amerikanlaryň iş ornuny ýitirip, kyn ýagdaýa düşjekdigini Geýtsiň özi-de bilýär: “Harby bölümlere artykmaçlyk edýän bazalary mäkämleşdirmek hakda oýlanmak ýa-da olary ýapmak ygtyýaryny berdim. Munuň syýasy taýdan bir gowgaly meseledigine şübhe ýok”.

Geýts sözüni şeýle dowam etdirdi: “Ýaňy Kongres Goranmak ministrliginiň desgalary ýapmak ygtyýarlygyna kanuny çäklendirme girizdi. Ýöne ‘kyn’ diýilmegi, ‘mümkin däl’ diýildigi däl. Men bu barada gereksiz harajatlary azaltmakda Kongresiň biziň bilen hyzmatdaşlyk etjekdigine umyt edýärin”.

Kongres ABŞ-nyň goranmak ministriniň harby harajatlary kemeltmek baradaky aýdanlaryna aradan salym geçirmän reaksiýa görkezdi. Bu işden öz saýlawçylaryna zyýan ýetmeginden gorkýan kanunçylar: “Bu plany kabul etdirmek Geýtse aňsat düşmez” diýýärler.
XS
SM
MD
LG