Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: “ÝB islese, Transhazar gurlar”


Hazaryň ýakasyndaky täze gurlan gaz geçiriji, Balkan welaýaty, awgust, 2010-njy ýyl.
Hazaryň ýakasyndaky täze gurlan gaz geçiriji, Balkan welaýaty, awgust, 2010-njy ýyl.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýanyň energiýa serişdeleri boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar ýakynda Türkmenistana sapar etdi.

Amerikan wekili 2-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilenden soň, metbugatyň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarynyň dowamynda energiýa boýunça hyzmatdaşlyk hakda pikir alşylanlygyny aýtdy.

Käbir ýewropaly synçylarynyň aýtmagyna görä, Morningstaryň bu sapary Günbatarda türkmen gazyna dörän täze gyzyklanma bilen baglydyr, sebäbi soňky döwürlerde Transhazar gaz proýekti hakda Ýewropada hem täze seslenmeler peýda bolup başlady.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu aktual mesele bilen gyzyklanyp, düýbi Berlinde ýerleşýän Germaniýanyň Daşary gatnaşyklar baradaky geňeşiniň energiýa meseleleri boýunça eksperti Dr.Ştefan Meýister bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekili Riçard Morningstaryň ýakynda Türkmenistana eden saparyna siz nähili baha berýärsiňiz?


Dr.Ştefan Meýister: Meniň pikirimçe, Türkmenistan, hazarýaka ýurtlar göz öňünde tutulanda, energiýa boýunça esasylaryndan biridir. Türkmenistanyň baýlygyna dünýä derejesinde-de, regionda-da uly gyzyklanma bar.

Dr.Ştefan Meýister
Morningstaryň Aşgabada edýän saparlary barada gürrüň edilende, onuň hem esasy maksady Türkmenistanyň energiýa baýlygy bilen bagly. Sebäbi Morningstar Transhazar gaz proýektine uly goldaw berýän ýolbaşçylardan biri. Hatda ol bu proýektiň amala aşyrylmagyna käbir ýewropaly wekillerden hem köp goldaw berip gelýär.

ABŞ Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarynyň barha güýçlenmegi, Transhazar gaz proýketiniň amala aşyrylmagy hem-de Aşgabadyň Baku bilen gatnaşygynyň gowulanmagy üçin tagallalaryny dowam etdirmek isleýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Morningstaryň bu saparynyň beýleki bir maksady – ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň Orsýet bilen gatnaşygynyň gowulanandygyna garamazdan, Hazaryň ýerasty baýlygy bilen Waşingtonyň gyzyklanmagyny dowam etdirýänligini aýan etmekden ybaratdyr.

Azatlyk Radiosy: Türkmen gazynyň haçandyr bir gün Transhazar gaz geçirijisi arkaly hakykatdan hem Ýewropa akyp başlajakdygyna ynanmaga esas barmy? Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, şeýle gepleşikler ençeme ýyldan bäri dowam edýär, ýöne bu ugurda ädilen takyk ädim ýok.

Dr.Ştefan Meýister: Soňky birnäçe günden bäri Ýewropa we Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň arasynda Transhazar gaz geçirijisiniň gurulmagynyň zerurdygy hakdaky diskussiýalar güýçlendi. Emma muňa garamazdan, bu turbanyň bir ýa iki ýylyň dowamynda guruljakdygyny aýtmaga o diýen güýçli esas ýok.

Ýöne eger Brýussel Orsýetden başga alternatiw gaz çeşmesini edinmek isleýän bolsa, onda Hazaryň we Türkmenistanyň energiýa baýlygyny Ýewropa akdyrmagyň ýoluny tapmaly, Ýewropanyň mundan başga çykalgasy ýok.

Siziň soragyňyza jogap bersem, elbetde, türkmen gazynyň Ýewropa akyp başlajagyna umyt bar. Emma munuň üçin Transhazar gaz geçirijisiniň gurulmagy hem-de türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy barada Brýusseliň güýçli syýasy goldaw bermegi zerur.

Azatlyk Radiosy: Onda Transhazar gaz geçirijisiniň gurulmazlygynyň sebäbi Ýewropanyň bu proýekte ýeterlik goldaw bemezligi bilen baglymy?

Dr.Ştefan Meýister: Bu Transhazar geçirijisiniň gurulmagynyň öňündäki böwetlerden diňe biri. Sebäbi eger Ýewropa jemgyýetçiligi bu gaz geçirijiniň gurulmagyna örän isleglidigini we onuň gurulmagy üçin zerur maýany goýbermäge taýýardygyny aç-açan aýtsa, bu möhüm ädim bolar.

Emma bu gaz geçiriji barada başgada problemalar bar. Bu ugurda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşmazlyklar, Hazaryň kanuny statusynyň anyk bolmazlygy, Orsýetiň we Eýranyň bähbitleri barada gürrüň edip bolar.

Eger isleg bolsa bu problemalaryň hötdesinden gelmek mümkin. Serediň, Hytaý türkmen gazyny almak barada ylalaşyga gol goýdy, ylalaşygyň yz ýany bilen işe başlandy we aradan köp wagt geçmänkä, eýýam türkmen gazy Hytaýa akyp başlady.

Elbetde, gaz geçirijini Hazaryň üstünden gurmak Gazagystan ýa Özbegistan bilen ylalaşyga gelmekden has kyn, bu düşnükli ýagdaý. Emma esasy mesele - syýasy isleg we zerur bolan möçberde pul serişdesiniň üpjün edilmegidir.

Eger Ýewropa gaz geçirijini gurmaga taýýardygyny aýdyp, onuň gurulmagy üçin zerur bolan serişdäni goýberse, Bakuw ýa Aşgabat bu proýekte goşulmakdan ýüz öwrer diýmek kyn. Sebäbi olar hem Orsýetiň we, galyberse-de, Hytaýyň golastynda galmak islemeýärler.

Netijede, şol ýurtlar gaz müşderileri boýunça deňagramly syýasat alyp barmak isleýärler we bu nukdaýnazardan Ýewropa olar üçin gowy alternatiw bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana Nyýazowyň ýolbaşçylyk edýän döwründe Aşgabadyň Günbatar bilen ykdysady, esasan hm energiýa boýunça berk gatnaşygy ýola goýmagyna Orsýet garşy çykyp geldi. Häzirki döwürde Orsýetiň bu ugurdaky täsirine siz nähili baha berýärsiňiz?

Dr.Ştefan Meýister: Häzirki döwürde Türkmenistanda Orsýetiň täsiriniň näderejede güýçlüdigini aýtmak kyn. Emma Türkmenistanyň Hytaý bilen aralygynda gaz geçirijisini guranlygy welin fakt. Bu elbetde, Orsýetiň bähbidine laýyk gelýän proýekt däldi.

Şol bir wagtyň özünde-de Azerbaýjan hem, Orsýetiň bähbitlerine garşy gelmegine garamazdan, ABŞ bilen bilelikde “Baku-Tbilisi-Jeýhan” turbasyny gurdy. Beýleki tarapdan, Orsýet öz gazyny satmakda Ýewropa örän garaşly. Onsoň, eger Brýussel türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak barada hakykatdan hem ädim ätse, muňa Moskwa böwet bolup bilmez.

Türkmenistanyň, Orsýetiň bähbidine garşy gelmegine garamazdan, Hytaý bilen aralykda gurlan turbanyň arkasynda durmagy Aşgabadyň öz energiýa eksportyny köp ugurly etmäge taýýardygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Haçan hem bolsa bir gün Türkmenistanyň gazy Ýewropa akyp başlan ýagdaýynda, bu haýsy proýekt arkaly amala aşar öýdüp pikir edýärsiňiz: Transhazarmy, Eýranyň üsti bilenmi ýa Orsýetiň? Ýagny, agzalýan proýektlerden haýsysyna hakykata has ýakynrak diýip baha berip bolar?

Dr.Ştefan Meýister: Meniň pikirimçe, agzalýan şol proýektlerden haýsysynyň hakykata has ýakyndygyny aýtmak kyn. Bu, belkem, kim ilki bolup maýa goýar diýlen meselä bagly bolar.

Häzirki döwürde Eýranyň üsti bilen proýektiň amala aşjakdygyny aýtmak kyn. Bu barada ýakyn wagtlarda haýsydyr bir uly özgerişligiň boljakdygyny hem pikir edemok. Soragyňyzyň jogaby Orsýetiň içinden geçýän proýekt bolup hem biler. Emma Ýewropa “Nabukko” gaz geçirijisini gurmak işini tizleşdiren halatynda Transhazar proýektine gaýtadan ünsüň güýçlenmegi mümkin.

Emma, dogrymy aýtsam, “Türkmenistanyň gazy Ýewropa akdyrylarmy, eger akdyrylsa, haýsy proýekt arkaly we bu proýekt haçan gurlar?” – bu soraglara hakykatdanam jogap bermek kyn.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda siziň edaraňyzyň başlygy Aleksander Rara salgylanylyp çap edilen maglumat gözüme ildi. Şonda ol eger Türkmenistan “Nabukko” proýektine goşulmasa, bu proýekt başa barmaz diýipdir. “Nabukko” bilen bagly nähili täzelik bar?


Dr.Ştefan Meýister: Meniň pikirimçe, “Nabukko” barada heniz hem iş alnyp barylýar. Esasan hem Germaniýanyň RWE AG kompaniýasy bu proýektiň amala aşyrylmagy üçin ýurtda güýçli iş alyp barýar.

Emma, bu ugurda RWE AG ýaly kompaniýalaryň iş alyp barmagyna garamazdan, bu gaz geçirijini kim energiýa bilen üpjün eder diýlen sorag heniz hem jogapsyz galýar, bu nukdaýnazardan Jenap Rar bilen ylalaşýaryn. Sebäbi bu gaz geçiriji gurlan ýagdaýynda hem muny energiýa bilen üpjün etjek serişde gerek, häzirki döwürde Eýrana ýaran hökmünde garamak mümkin däl. Sebäbi bu ýurda garşy ýaňy-ýakynda sanksiýa girizildi.

Yrakda bolsa bu turbany gaz bilen üpjün edip biljek gor ýok, Azerbaýjanyň gazy hem ýeterlik däl. Şonuň üçin türkmen gazy gaty möhüm bolup durýar. Türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak üçin hem Transhazar gaz geçirjisiniň gurulmagy örän zerur.

Meniň pikirimçe, şu ýyl bu ugurda hökman bir karara gelinmeli, bu proýekte maýa goýjak kompaniýalar tapylmaly we bu ugurda netijeli ädim ädilmeli.

Azatlyk Radiosy: Transhazar gaz geçirijisini gurmak gaty kyn diýdiňiz. Siziň sözleriňizden belli bolşuna görä, “Nabukko” proýekti hem ýakyn wagtlarda guruljaga meňzemeýär, şeýle dälmi?


Dr.Ştefan Meýister: Meniň pikirimçe, Germaniýanyň RWE AG kompaniýasynyň “Nabukko” proýektine goşulmagy möhüm bir ädim bolup durýar. Sebäbi bu kompaniýa “Nabukko” proýektiniň şärigi hökmünde bu proýektiň amala aşyrylmagy üçin elinde baryny eder. Emma bu proýektiň gurulmagy üçin maliýe serişdeleri gerek.

Meniň pikirimçe, bu nukdaýnazardan biz häzirki döwürde “Nabukko” proýektiniň guruljakdygynyň yglan edilen döwrüne dolanyp geldik. Şol wagtlar “Bu hakykatdanam amala aşyrylarmy?” diýlen sorag peýda bolupdy. Bu mesele şu gün hem soraglygyna galýar. Şol bir wagtyň özünde-de bu proýekte syýasy goldaw barha azalyp barýar. Öňki Sowet Soýuzyna giren ýurtlaryň syýasy goldawy bolmasa, regionda biznes etmek mümkin däl.

Netijede, “Nabukko” proýektiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan syýasy goldaw we maliýe serişdesini tapmak işi belli bir derejede bu proýektiň şärikleriniň öz ýurtlarynda alyp barjak kampaniýalaryna baglydyr. Meniň olaryň bu işi başarjakdygy barada optimist bolasym gelýär, emma bu ugurda şübhäm hem bar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG