Şu gün Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Serhiý Tihipko Halkara walýuta fondunyň edýän talaplary sebäpli geljek ýyl Ukrainanyň öz içinde tebigy gazyň bahasyny galdyrmaly boljakdygyny aýdyp, çykyş etdi.
Serhiý Tihipkonyň sözlerine görä, tebigy gazyň içerki bahasy geljek 2011-nji ýylyň aprelinden 50 prosent ýokarlandyrylar. Edil şu aýyň başynda hem Ukraina eýýäm tebigy gazyň içerki bahasyny 50 prosent galdyrypdy.
Halkara walýuta fondy geçen aý Ukraina berjek 15 milliard dollar karz pul ýardamy bilen baglanyşykly käbir şertleri öňe sürüp, gazyň içerki bahasyny ýokarlandyrmaklygy hem Ukrainanyň häkimiýetleriniň öňünde şert edip goýupdy.
Bu karz pul ýardamy Halkara walýuta fondy tarapyndan Ukraina geljek 2.5 ýylyň dowamynda berler.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!