Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Aýyň serweri – Oraza”


Oraza aýy külli musulmanlaryň däbi hökmünde dünýäniň dürli künjeklerinde bellenip geçilýär. Musulman dünýäsi üçin möhüm bolan Oraza aýy Türkmenistanda çarşenbe güni başlandy.

Oraza ynsanlaryň mähirlilik, parahatçylyk, adalatlylyk baradaky tagallalarynyň rowaç alýan mübärek aýy hasaplanýar. Türkmenler «Günüň serweri - juma, aýyň serweri - Oraza, gijäniň serweri - gadyr» diýýärler.

Orazanyň gelmegi Türkmenistanyň ilatynyň arasynda şowhun-şagalaň, dabara bilen bilen başlanýar. Sişenbe güni agşam tarawa namazynyň okalmagy bilen ýurduň ençeme raýatlary çarşenbe güni irden selälige turdular.

Oraza aýynyň başlanmagy bilen bagly Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýerli zenan bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG