Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Eýrany bombalarmy?


Ysraýylyň F-16 harby uçary, 2007-nji ýyl.
Ysraýylyň F-16 harby uçary, 2007-nji ýyl.

Jeffreý Goldberg ABŞ-da çap edilýän “The Atlantic” žurnalynda çykan makalasynda Ysraýylyň geljek ýylyň dowamynda Eýranyň atom programmasy bilen baglanyşykly desgalaryna harby zarba urmak ähtimallygynyň 50 prosentden geçendigini ýazýar.

“The Atlantic” žurnalyndaky makalada aýdylyşyna görä, Jeffreý Goldberg Ysraýylyň ýakyn geljekde Eýrana zarba urmak mümkinçiligi barada sorag berip geçiren ençeme interwýusyndan soň, zarba ähtimallygynyň ýokarlanandygy baradaky şeýle netijä gelipdir.

Yza tesdiriş

Goldberg Ysraýyl Eýrandan öz üstüne abanýan howpdan şeýle bir biynjalyk welin, ol bu işi Waşington oňlamasa-da, etmäge taýyn diýen netije çykarýar. Ysraýyl resmileriniň çaklamasy boýunça Eýranyň atom bombasyny öndürmek başarnygyna eýe bolmagy üçin aňyrsy ýene üç ýyl gerek.

Goldberge görä, Ysraýylyň bombaly hüjümde nyşana aljak ýerleri Natanz, Kum we Yspyhandaky ýadro desgalary. Orslaryň kömegi bilen Buşerde gurlan reaktoryň hem hüjüme uçramagy mümkin. Bu hüjümden maksat Tähranyň ýadro programmasyny 4-5 ýyl yza tesdirmek.

“Amerikan resmileri harby urgynyň Eýranyň atom programmasyny gijikdirmekden başga beren netijesi bolmaz diýip pikir edýärler, ýöne Ysraýyl bu pikirde däl” diýip, Jeffreý Goldberg “The Atlantic” žurnalynda çykan makalasynda ýazýar.

“Munuň Obamanyň administrasiýasy üçin agyr krizis döredip, Ysraýylyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşygyny bozmagy, Tähranyň teokratik režimini güýçlendirmegi, nebitiň bahasyny ýokarlandyryp, global ykdysadyýete zyýan ýetirmegi mümkin” diýip, Goldberg belleýär.

ABŞ-da çykýan “The Atlantic” žurnalyndaky makalada suratlandyrylyşyna görä, Ysraýylyň resmileriniň göwünsizlik bilen harby zarba taýýarlyk görmegine sebäp bolýan zat, ABŞ-nyň prezident Barak Obamanyň bu işi etjegine olaryň doly ynanmaýanlygy.

Buş etmedi, näme üçin Obama?

Ýöne Eýranda doglan, häzir Ysraýylda ýaşaýan Orta Gündogar boýunça ekspert Meir Jawedanfar Jeffreý Goldbergiň aýdýanlaryny “täze zatlar däl” diýip, ret edýär. Ol “Birleşen Ştatlardan rugsat we goldaw bolmasa-da, Ysraýylyň bu işi etmegi ähtimal” diýilýäne gülýär.

“Men muny ähtimal hasap edemok. Sebäbi Ysraýyl bu işi Buşuň döwründe etmäge synanyşdy. Buş muny ret etdi. Buş Ysraýylyň çyn ýaranydy. Ysraýyly goldamak meselesinde Obama ondan has obýektiw hereket edýär. Onuň bular ýaly işi kabul etmek ähtimaly gaty az” diýip, Jawedanfar aýdýar.

“Yrakda we Owganystanda amerikan esgerleri bar. Ysraýyl bu işi edip, amerikanlar heläkçilige uçraýsa, onda ysraýyl-amerikan gatnaşyklarynda çekerden agyr dartgynlylyk dörär” diýip, Ysraýylda ýaşaýan Orta Gündogar eksperti Meir Jawedanfar belleýär.

Ekspert Jawedanfaryň pikiriçe, Jeffreý Goldbergiň salgylanýan Ysraýyl resmileriniň maksadynyň eglişik etmegi üçin Eýrany gorkuzmak hem-de Orsýet bilen Hytaýy hem Eýrana garşy girizilen sanksiýalary berk ýerine ýetirmäge yrmak bolmagy mümkin.

“Meniň pikrimçe bular ýaly makalada nyşana alynýan ABŞ däl-de, ABŞ-nyň Eýran baradaky berk sanksiýalaryny goldan Hytaý we Orsýet ýaly ýurtlar. Beýlekisi hem prezident Ahmedinejadyň hökümeti. Maksat olary gorkuzyp, stoluň başyna gepleşige getirmek” diýip, Jawedanfar öz pikirini mälim edýär.
XS
SM
MD
LG