Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilany hökümetiň beren bahasy boýunça, suw joşmasyndan çak bilen 20 million adamyň jebir çekendigini aýtdy.
Gilany häzirki gumanitar krizisi “ýurduň taryhynda iň agyr krizis” diýip atlandyrdy. Ol berilýän kömekleriň ýeterlik däldigini belledi.
Suw joşmasynyň agyr netijeleri sebäpli şenbe güni Pakistanda Beýik Britaniýadan garaşsylygyň 63 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýatyryldy.
BMG-niň baş sekretary Ban Ki-Mun suw joşmasyndan jebir çeken etraplara baryp görmek üçin ýekşenbe güni Pakistana geldi.
Ban Ki-Mun Pakistanyň ýolbaşçylary bilen we bu ýerde işleýän BMG-niň wekilleri bilen duşuşar diýlip garaşylýar.
Pakistana gyssagly 460 million dollar maliýe kömegini bermek baradaky BMG-niň çagyryşyna hemme döwlet seslenmedi, häzir berlen pul zerur serişdäniň diňe 20%-ne deň.