Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde däne ekportuna gadaganlyk güýje girdi


Ýekşenbe gününden Orsýetde däne ekportuna gadaganlyk güýje girdi. Ol ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

Şu ýylky gurakçylykda köp meýdanlaryň hasylsyz galandygy sebäpli gallanyň üçden bir kemelip, 60-65 million tonna boljakdygy çak edilýär.

Galla öndürijileriň kontrakt boýunça borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin galla eksportuna embargony-gadaganlygy 1-nji sentýabrdan güýje girizmegi Orsyetiň Däneçiler bileleşigi hökümetden haýyş etdi, emma gadaganlyk ýatyrylmady.

Soňky ýyllar Orsýet galla eksporty boýunça dünýäde ABŞ-dan, ÝB ýurtlaryndan we Kanadadan soň dördünji orny eýeleýärdi.

Energiýa resurslaryny akdyrmagyň ynamdarlygyny üpjün etmek boýunça ekspertler topary dörediler.
XS
SM
MD
LG