Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Yslam hereketiniň lideriniň öldürilendigi aýdylýar


Duşenbe güni käbir habar agentlikleri Al-Kaýda guramasy bilen baglanyşykly diýlip hasaplanylýan Özbegistanyň Yslam hereketiniň lideri Tahyr Ýuldaşewiň öldürilendigi barada maglumat ýaýratdylar.

Düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän we ekstremistik toparlaryň aragatnaşyklaryny öwrenmek boýunça iş alyp barýan SITE aňlaýyş topary düýn bu barada ýörite maglumat ýaýratdy.

Bu guramanyň maglumatynda Özbegistanyň Yslam hereketiniň Tahyr Ýuldaşewiň jesediniň suratlaryny internetde ýerleşdirendigi aýdylýar. Ýöne Tahyr Ýuldaşewiň nirede we nähili ýagdaýda öldürilendigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.

Mundan öň hem Tahyr Ýuldaşewiň öldürilendigi barada birnäçe gezek maglumatlar peýda bolupdy. Ýöne ol maglumatlar hakykat ýüzünde tassyk bolmandy.

Soňky gezek Pakistanyň razwedka gullugynyň resmileri geçen ýyl onuň Pakistanyň Günorta Weziristan regionynda amerikan goşunlarynyň geçiren howa hüjüminde öldürilendigi barada maglumat ýaýradypdylar.
XS
SM
MD
LG