Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň häkimiýetindäki dartgynlyk


Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatollah Ali Hameneýi (öňde) we parlamentiň ýolbaşçysy Ali Larijani (yzdan çep tarapda), Eýranyň prezidenti M.Ahmedinejad, Haşemi Rafsanjani we Eýranyň sudunyň ýolbaşçysy Aýatolla Sadeh Larijani, 4-nji mart, 2010-njy ýyl.
Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Aýatollah Ali Hameneýi (öňde) we parlamentiň ýolbaşçysy Ali Larijani (yzdan çep tarapda), Eýranyň prezidenti M.Ahmedinejad, Haşemi Rafsanjani we Eýranyň sudunyň ýolbaşçysy Aýatolla Sadeh Larijani, 4-nji mart, 2010-njy ýyl.
Öten ýyl Eýranyň oppozision Ýaşyl hereketine urlan zarba ýurda häkimlik edýän gatlagyň dürli toparlaryny birleşdiripdi. Ýöne indi bu bäsdeş toparlaryň arasynda konflikt döräp, köplenç prezident Mahmut Ahmedinejady ileri tutýan ýokary dini ýolbaşçşy Aýatollah Ali Hameneýi hem bularyň arasynda deňagramlylyk döretmekde kynçylyk çekýäne meňzeýär.

Öten hepde Ahmedinejadyň tarapyny çalýan kanun çykaryjylar sud häkimiýetlerinden parlamentiň iki tanymal konserwatiw agzasynyň bellikleri barada barlag geçirmekligi soradylar. Aýdylyşyna görä, bu iki parlamentçi Ahmedinejad bilen onuň tarapdarlaryny özlerini ruhanylardan daşlaşdyryp, bir terrorçy topar ýaly alyp barýanlykda tankytlapdyr.

Bu waka Ahmedinejadyň hökümeti bilen parlamentiň arasynda köp wagtdan bäri dowam edip gelýän konfliktiň çür depesi bolup durýar. Parlamente prinsipçiler diýilýän topar gözegçilik edýär. Bulara hem ýolbaşçylyk edýän parlamentiň başlygy Ali Larijani.

Ýerine ýetiriji häkimiýet bilen kanun çykaryjy organyň arasyndaky hyzmatdaşlygy häzir bökdäp duran zat şu konflikt. Hökümet öz kararlaryny oňlatmak üçin parlamente ibermeýär, parlament tarapyndan kabul edilen kanunlary hem ýerine ýetirmekden dowamly boýun gaçyrýar.

Pragmatistler diýilýän ýene bir topar bar. Bulara hem ýolbaşçylyk edýän Rewolýusiýa Sakçylarynyň öňki başlygy Mohsen Rezaýy. Bu topar hem häzirki hökümeti açyk tankytlaýar.

Düýpli tapawut bar

“Bu toparlaryň hemmesi daşary syýasat, ýadro programmasy, oppozisiýany basyp ýatyrmak, adalat, howpsuzlyk meseleleri we media senzurasy barada ýokary dini ýolbaşça tabyn. Ýöne jemgyýetçilik we ykdysady meseleler boýunça bularyň arasynda düýpli tapawutlar bar” diýip, Farda radiosynyň analitigi Majid Mohammadi aýdýar.

“Aslynda bularyň arasyndaky göreş ýurdy kimiň dolandyrýanlygy barada. Nebitden gelýän pul we howpsuzlyk apparatlary Ahmedinejad bilen onuň tarapdarlarynyň elinde” diýip, Mohammadi sözüniň üstüne goşýar.

Bu toparlaryň hiç birisine halk tarapyndan berlen kanunylyk ýa goldaw ýok. Olar diňe Hameneýiniň göwnünden turmak barada özara bäsleşýärler. Hameneýi hem, Ahmedinejady ileri tutsa-da, bu bäsdeş toparlaryň arasynda deňagramlylygy saklamaga synanyşýar.

Öten ýyl geçen prezidentlik saýlawy boýunça ýa-da hökümet bilen parlament arasyndaky dawada Ahmedinejady goldasa-da, Hameneýiniň ony doly goldamaýan mahallary-da bar.

Käbir analitikler ýokary derejeli dini ýolbaşçynyň Rewolýusiýa Sakçylarynyň barha artýan güýç-gudraty sebäpli öten ýylky saýlawda Ahmedinejady goldamaga mejbur bolandygyna ynanýarlar.

“Ýokary dini ýolbaşçy öz ýolbaşçylygyny gorap, inisiatiwany öz elinde saklamaga synanyşýar. Beýleki toparlar hem Ahmedinejad we onuň häzir ýurduň ykdysadyýetine gözegçilik edýän howpsuzlyk güýçleriniň güýç-gudraty artyp, ýokary dini ýolbaşçyny öz aýdanlaryny edýän bir oýnatga öwürerinden gorkýarlar” diýip, analitik Nima R. belleýär.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG